Salam hormatly agzalar hemem myhmanlar! Meñ bu temam futbol barada bolar Günorta Afrikada bir aýlap do­wam eden Dünýä çempionatyndan soň şowsuz çykyş eden bir­näçe milli ýygyndy öz tälimçilerini täzeledi, käbirleri bolsa tälimçile­re ýene bir mümkinçilik berdi. Ba­şarnykly bolanlar bolsa başga ýe­ňişler üçin öňküsi ýaly ýoluny dowam eder... Dört ýylda bir gezek geçirilýän we bütin dünýäniñ ünsüni özünde jemleýän futbol baýramçylygy bo­lan Dünýä çempionatynda çykyş etmek futbolçydyr tälimçileriň iň esasy arzuwydyr. 40 gün çemesi mundan öň tamamlanan 19-njy Dünýä çempio­naty Ispaniýanyň çempionlygy bilen tamamlandy. 32 milli ýygyn­dynyň gatnaşan bäsleşiginde 736 futbolçy çykyş etdi. Elbetde her milli ýygyndynyň maksady (bash arzuwy) Dünýä çempionatyny gazanmak­dyr. Ýöne hakykat ýüzünde käbirleri üçin bu elýetmez pursat, käbirleri üçin bolsa hökman ýe­täýmeli mümkinçilik bolup dur­ýar. Ýagny Braziliýa, Italiýa, Germaniýa, Argentina, Ispaniýa, Ang­liýa, Gollandiýa, fransiýa ýaly döwletler islendik ýaryşyň faworiti hasaplanylýar. Emma käbirleri üçin bolsa bu ýaryşa gatnaşmagyň özi bir aýratyn uly buýsanç bolup durýar...

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir