Salam Eje jan! bu gun saña hat yazayyn diyip galam-kagyza yapyshdym. Esli salym saña - mähribanyma, name yazsamkam diyip oylanyp otyrdym... eje jan! seniñ maña bolan mähir-muhabbetiñ meñ ömür bossanymyñ guneshi. Seniñ meñ bashujymda oturan gijeleriñ diñe seniñ gijeleriñdi, ejem! men heniz gundagly bäbekkäm, sen meniñ bilen gürleshyardiñ, eje. özümiñ köñul dunyame ser-salsam, ähli yerde seniñ eken gülleriñi goryan. Gaharyñy getiren mahallarym dözmeseñ hem, yüregiñ para-para bolsada maña käyyän bolardyñ. Men garagol bolsa, eyderdim-beyderdim barybir yene-de baryp ozumi seniñ mahrem gujagyña oklardym... kakam temmi berjek bolsa, sen meniñ gorag galamdyñ. "degmesene, kakasy. indi gaydyp gaytalamaz-la" diyip meñ tarapymy tutardyñ. Seniñ päkize yüregiñden syzylyp cykan shol sözleriñ hatyrasyna men yaramaz endiklerimiñ hem köpusinden saplanypdym. Yadyña dushyan bolsa men begençleriñ bir zadyny ogurlapdym. Shonda kakam maña mazaly temmi berdi. Uzynly gije burcda duzurdy. Sen shonda: "ejeñ-kakañ mugallym. il-gün name diyer? Bular öz ogullaryny terbiyelap bilmeyan hallaryna iliñ cagasyny okadan bolup yörler diyerler, oglum! Men senden bular yaly zada garashmayadym..."-diyipdiñ. Henizler hem shol aydan sözlerin gulagymda yañlanyp dur, eje jan! men onsoñ kakamdan gorkyma däl-de, diñe seniñ shol sözleriñ hatyrasyna, shondan soñ hic hacan ogurlyk etmedim... Aradan ay aylanyp, yyllar gecdi. Maña bolsa talyp bolmak bagty nesip etdi. Men indi durmushyñ namedigine göz yetirip ugradym. Yagshy bilen yamany, ak bilen garany, köca tuykurmeli daldigimi sen öwredipdiñ maña mähribanym. "hemme yerde perishdeler bar, sen nädip olaryñ ustune tüykurip biljek" diyipdiñ. Edep-ekramy senden öwrendim. Ikimiz bileje oturyp, heziller edip kitap okardyk. Sen söydurdiñ maña kitap okamagy. Sen maña kitap okamagy däl-de, ynsanlary, ähli janly-jandarlary, gül-guncaly ene topragy... Söymegi-de öwredipdiñ... Meni shu gunlere getiren seniñ päkize kalbyñdy eje jan!.. Men seni söyyan ejem jan! Cagakamam söydum, shu wagtam söyyän, indem söyerin!!! hormat bilen seniñ ogluñ .....!

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir