Ömri boýunça ýaşaýan şäherçesinden, hatda öz mülküniň çäginden daşyna känbir ädim ädip görmedik bir garry bardy. Bir bazar güni, niredenem bolsa bir ýerden kellesine bir hyýal gelýär-de, uzaklary arzuw edip başlaýar we:
– Bäh, görmälim bäri şäher nähiliräk üýtgedikä? Gidip görüp gelsem, ýaman bolmazmyka diýýän – diýýär.
Gabat gelen awtobusa münüp şähere ugraýar.
Şäher onuň üçin köp adamly ýerdi. Awtobusdan düşüp düşmänkä eýýäm jahankeşdeler toparynyň ortarasyna düşýär. Başagaý bolup eýläk-beýläk gatnap duran jahankeşdeleriň arasyndan gutulýança on-on iki gezek dagy aýagyndan basylýar.
Ýaňy bir arkaýyn dem alaýyn diýip durka-da, ýoldan geçip barýan bir maşyn üstüne suw syçradyp geçýär. Garabaşyna gaý bolup, garşydaky ýanýoda geçjek bolup haýdanam şoldy welin, tasdan başga bir maşynyň aşagynda galýardy, zordan gutulýar.
Bir dyzeperiň gyrasyna çöküp, dynç almaga niýetlenenem şoldy welin, ýagyş ýagmaga başlady. Ýagyşdan gaçyp, bir ýerlerik sygynmak islände ýoldan azaşdy.
Bir ýerlere ýetende köçede gezip ýören iki sany azgyn it muny kowalamaga başlaýar. Olardan gaçyp barýarka-da zibil atylýan çukuryň içine gaçýar.
Köpeklerden sypdym diýip ýöräp ugranam şoldy welin, tasdan iki sany jübikeseriň eline düşýärdi, entegem bir polisýa işgäri şol ýerden geçip barýan ekeni, şeýdip zordan halas boldy.
Görgüsiýaman adam iňrik garalyberende öz ýaşaýan ýerine gidýän awtobusyň oturgyçlaryna zordan özüni atýar. Gijäň ýary öýüne baranda, uzakly gün başdan geçiren wakalaryny göz öňüne getirip, öz-özüne şeýle diýýär:
– Oh! Şähere gidenim gowy bolaýdy. Şeýlelikde öýümiň gadryny ýene bir gezek bildim. Öýüm, meniň mähriban öýüm! Allaha näçe şükür etsem azdyr. Meniň bagtym şu öýüň içinde!

Taýarlan: Arsen Blogger.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir