Bir bary ýogy ýaş, pikirlerimiz bar

Dünýäni üýtgetjek bolýarys ikirjiňlenmän

Ilkinji ädimden öwredýärler ikinji gelmäni,

Islämok işe gatnamany dokuzdan alta men.

 

Bilýän zadymyz ýok diýýärler, 

Hakykatdan daş.

Akyl ýaşda däl agam!,

Aklyň ýeri baş!

Maslahat ber azajyk ýolda

Ýedi ölçäp kesmäge bizde ýok gaýçy ýöne,

Ýele garşy ýöre...

 

Hawa biz ýalňyşýarys köplenç,

Bulaşyk işlere burnumy sokmaga ökde,

Durmuşyň manysam şonda dämi ýalňyş, öwren

Emedekle ylga, ýykyl, gal, ýykyl, ýöre

Öwren oka soňam döret

Bular biz ýaly däl diýsin bizi gören

Menä ýaşadym diýer ýaly hakydamy dörüp

Öremde ol tarapda bolanda hemme zat aýan

Edenlerimi gorkezjek bolanymda juwan...

 

CHORUS

Ýaşlyk, sen entegem ýaş..

Ýaşlyk, ýalňyş öwren ýaşa

 

VERSE 2

 

Wagt gutarmajak ýalydy bizem ýaşkak

Hemmezady başarýarmykak diýýädik 

Ene atamyz düşünenokdy indi durmuş başga

Diýip zeýrensek gaharlary gelýädi

 

"Ýaşlygyň wagty az" ine Durmuş hakykaty

Pikirlerimem dur şo durşuna, haýalladym

Käbir zatlara juwanlykda düşünmek kyn

"Hemmekişiden gowy bilýän" pikiriňi aýyrda dyn...

 

Hiçkime ýaranjagam bolma,

Hakyky dostlaryň bar bolsa näme etseňem gollar

Aýrylmasyn göwünler aýrylsada ýollar

Arkaňdan gep edeni bolsa günbatara ýolla

 

Söýeňde soňky günüň ýaly söý,

Pul gelip gider, ony ýöne kagyz ýaly gör,

Özger öňküden, bilimi gözleýän ýaly dör,

Görkez Özüňe, başgalar şeýlede görer...

 Ynan

 

OUTRO:

 

Deňiz dyzyňa ýetenok juwan wagtyňda

Hemmämiz bir gün ýygyrdy endama atynarys

Şo güne çenli näçe ýalňyşsaňam gaty az

Ýalňyşlar sapaga öwrülse bolmaz artykmaç

 

Ula hormat, kiçä söýgi

Hiçem garrama ýürege juwanlygy geýdir

Bir gün gelip gutaranda bu dünýäniň seýili

Diýer ýaly gidemizde "Ýaşanyma degdi"

 

Ýaşlyk hemme zady bagyşlar

Menem yaşlyk etdim bagyşla...

Edebiýat, (shyh)sho men tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir