Salam agzalar men mundan 2ýyl öň zyýarata gitdim özüm Lebapdan balkana çenli maşynda gitdik diňe Daşoguza barmadym galan ýeri gördüm.Ählisini aýtjak häzir
1.Köwata ýerasty köli bardyk bir dagyň gowagy ýaly girýäň oooool aşakda köl bar minerallara baý köl belli bir ýerinde düşmeli uzaga gitseň suw ýuwutýa diýip aýtdylar belli bir sagat düşmeli özem köp düşseňe hem zyýanly,
2.Nohur ýa-da Gyzbibi esasy ýoldan 40km dg da ýerleşýä ýalňyşmasam,Nohurda köp täsinlikler bar ilki bir oba bar ana şonda bir çynar bar ullakan saýasam uly,şol çynaryň içine bir at sygýa,ullakan dagdan gelýän jar bar eken ýöne içi görer ýaly däl ýüregiň bulanýa😕,özem diňe ýokaryk gidýäň soň bir oba çykdy Türkmenbaşyň özüniň açyp beren mekdebi bar,harby birikme bar,Gyzbibi hem şol ýerde tegelek daşlar bar kiçide däl ulyja,rowaýar görä garakçylar gelýä gyzbibi hamyr edip otyr eken soň ol şo hamyryda goýup gaçýa daga tarap şol wagty dag ýarylýa we ol şoň içine girip gidýä häzir kiçijek,dagdan suw akyp dur öň şol suwda çeşmejik özi dürli miwe ir-iýmişler akýan eken dagdan çykýan eken obadan biri işçi alyp gelip aýda hepde-de şol çeşmäni arassalaýan ekenler,soň bir haram erkek gelip şol suwda ýuwunýa soň allanyň gahary gelýä we şondan soň miwe zat akmandyr.
3.Mollagara şypahanasynda ýörite dynç alyş ýeri bar eken köljagaz,suwa düşülýän ýer laýy bar gyrasynda,olam oňat ýer eken geň ýeri suwuna düşseň çümmeýäň suwuň ýüzüne çykýaň.
4.Parawbibi gowy ýer ýöne basgançaklary köp olam dag ýarylyp içine giripdir.
5.Arçman ýatdan çykypdyr peýdaly suw mugt akyp dur kükürde we.ş.m minerallara baý suw.Goçgar ata diýen ýeri bar şonda dagyň depesinde heýkel bar basgançakda çykýaň ýadaýaň.
Halanlarym
6.Garrygala çeşmeleri daglary howasy,👍👍👍👍👍aýdara zat kän munda.
7.Gözli ata Nebit dagda eken iki ýanyň gum dag tarap gidýäň soň bir ýerlere bardyk daglyk ýer ilki başda ýokarda dagda Gözli atanyň ýüzüniň keşbi bar suratam bolmaly.Täsin ýer ol ýeri her ýyl oktýabryň 3indemi birzatlar geçirilýä.
8.Awaza 😎Betje
Iň gowsy
9.Lebap saňa taý ýok
Awtor Söhbet Abdullaýew

Täzelikler, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir