Salam hormatly agzalar we içerik girmän, penjireden seredýän gadyrly myhmanlar!. Öñ 3D Telewizorlar çykypdy. Olary äýnekli tomasha edýädik. Bu gezek has üýtgeshik bolan äýneksiz Diomedes telelewizoryñ Türk professory tarapyndan taslamasy oýlanylyp tapyldy. Indi siz bu tvda äýneksiz hem 3D görüp bilersiñiz. Ashakda giñishleýin düshündirilendir: Dünýä çempionatynyñ bashlanmagynyñ öñüsyrasynda türk hünärmenleriniñ oýlap tapan täzeligi hemmeleri haýran galdyrdy. Diomedes 3D: Entek kän bir ýaýbañlanmadyk 3D telewizorlary görmek üçin ýörite äýnek dakynmaly bolýardy. Täze öndürilen telewizora tomasha etmek üçin bolsa hiç-hili äýnek hökman däl. Diomedes atly bu telewizor 3D öwüshgünleri iki esse has dury görkezýär. Taslamany Türkiýäniñ Koç uniwersitetiniñ inzhenerçilik fakultetiniñ dekany professor, doktor Murat Tekalp alyp barýar. Tekalp bu önümi öndürmek üçin dört ýyllap zähmet siñdirendiklerini aýdýar. Kelle agyrysyz tomasha ediñ Professor ishi barada sheýle diýýär: Murat Tekalp: “Häzirki wagtda müshderilere hödürlenýän 3D ekranlara diñe ýörite äýnek arkaly tomasha edip bolýar. Biziñ öndüren telewizorymyzda 2D shekile goshmaça 3D internet arasyndan ekrana goýberilýär. Sheýlelikde tomashaçy shekili 3D görnüshde görýär. Äýneksiz tomasha edilensoñ kelle agyry we beýleki saglyk meseleleri ýüze çykmaýar”.

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
    Cwetocek 13 years ago
  • Bee tuweleme! Minnetdar rowshen!
    bond 13 years ago
  • rowshen sagja bol sen meni kynchylykdan halas etdin
    Bravo 13 years ago
  • Aynegi indi name etsekkak? Şo turke beraysemmikam?
    Cwetocek 13 years ago
  • Mana beray licny bolsa:-)
    jumbo 13 years ago
  • hay swetik swetik! nu ty daye6! prikolistka ty, prikolistka, jelayu tea 6tob ty wsegda ulybalsya!
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri