Salam hormatly agzalar we myhmanlar!. Her gün durmushymyzy añsatlashdyrýan täze enjamlar ýada ulgamlar oýlanyp tapylýar. ABSH-nyñ ygtybarly Reader’s Digest zhurnalynda berlen habarda saglyk, tehnologiýa we bilimde bolup geçen täze açyshlar barada gürrüñ berilýär. 1) Bioniki göreç: Görmek ukybyny ýitiren dünýädäki millionlarça adama umyt boljak bioniki görejiñ 3 ýylyň içinde ABSH-nyñ Derman we Iýmit edarasyndan rugsat almagyna garashylýar. 2) Energetiki top: Occket atly top, özüni ulanmak arkaly futbol oýnalanda elektrik öndürmäge hem-de ony saklamaga ukyplydyr. Sheýle top bilen 15 minut futbol oýnalsa, ondaky elektrik arkaly adaty lampany 3 sagatlap ýakmak bolýar. 3) Dish bejerýän suwuklyk: undefinedEnter Icon shereketiniñ oýlap tapan tehnologiýasy arkaly dishdäki köwekligiñ içine ýörite suwuklyk goýberilýär. Bu suwuklyk häzirki wagtda köwekligi doldurmak üçin ulanylýanlardan köwegi has çalt doldurýar hem-de köwekli­ giñ ulalmagynyñ öñüni alýar. Häzirlikçe Ýewropada giñden ulanylyp bashlanan bu tehnologiýa awgust aýyndan bashlap ABSH-da hem ulanylyp bashlanar. 4) Gelejegiñ öwrenmek usuly: Özüniñ dizaýnerlik shereketi bolan Dewid Kelleýiñ ulgamy, gelejekde mekdeplerde hem ulanylyp bilner. Bu ulgamda her okuwçynyñ ukybyna görä ders berilýär. Ýagny, her okuwçy notbuk bilen üpjün edilýär we bu notbukdaky ýörite programma arkaly okuwçynyñ ukybyna hem-de öwrenmek tizligine baglylykda ders berilýär. 5) Tölemegiñ täze usuly: Akylly telefonlar ( smartfonlar ) arkaly özüñiziñ maliýe maglumatlaryñyzy añsatlyk bilen öwrenip bilersiñiz hem-de ýanyñyzda nagt pul götermezden islendik tölegi ýerine ýetirip bilersiñiz. 6) Has gowy awtoulaglar: Batareýaly bolan bu awtoulaglar iki adamlyk bolar we bahasy 25 müñ dollardan gymmat bolmaz ( ýokarky suratdaky ulag gymadrak. sebäbi nano tehnologiýa oturdulan ). Adaty elektrikden dolduryljak batareýa bolsa 160-240 km ýol geçmäge doly ýeterlikli bolar. 7) Has ekologik gaplar: Eben Baýer-iñ oýlap tapan EcoCradle tehnologiýasy arkaly öndürilen gaplar ýere gömülende tiz çüýreýär, hatda bu gaplary dökün hökmünde ulanmak hem bolýar. 8) Spreýden ýasalýan Gün panelleri: Öýlerimizi elektrik hem-de gyzgyn suw bilen üpjün edýän gün panelleri häzirki wagtda kän bir elýeterli däldirler. Ýöne oýlap tapyjylar bu meselä hem çözgüt tapdylar. Adaty spreýe meñzeýän fotoelektrik syýany aýnalara, gapylara hem-de üçeklere sepmek arkaly olary gün pa­nellerine öwürýärsiñiz. Bu syýanyñ bolsa 3-5 ýylyñ içinde satylyp bashlanmagyna garashylýar. 9) Akylly öýler: Ýakynda Intel's Home Dashboard ulgamy arkaly adaty jübi telefonyndan nirede bolsañyz hem öýüñizde bolup geçýän bar zatdan habarly bolup bilersiñiz, hatda öýdäki enjamlara buýruk hem berip bilersiñiz. Mysal üçin, ishden gaýtmankañyz öýüñizdäki kondisioneri ishledip ýada öýden çykanyñyzda käbir enjamlary öçürmegi ýatdan çykaran bolsañyz, olary öçürip bilersiñiz. Dowamy ashakda... Özleshdiren: Rowshen-Jm

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir