Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň agyrsa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy! “Altyn asyr” – açlykdan aman galypsyň, dogry. Ýöne seret, azmy, kän biwagt öteniň gabry! Belki, şondan ýaltanman çarpýarsyň eliňi. Gara gorky baglapdyr gözüňi hem diliňi. Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň ýadasa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy! Okuw, bilim ýykyldy, saglyk aşdy salgymdan, gysylyp diş döküldi, gözler doldy çylgymdan. Neşe akdy sil bolup, gark boldy nijeler. Ärler işsiz, çäresiz, ýer sermeýär ejeler. Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň agyrsa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy! Sakgal, telpek, don, çäkmen bezegidi boýlaryň. Indi olar sebäpmi ýykylmagna öýleriň?.. Sakgally goja nire, nire çapak-çapaklar? (Bu gidişde telpekden ozdurmazmy papaklar?) Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň agyrsa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy!... Yowşan Annagurban

Köneler, fatalfighter tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir