Ýaşaýşyň süýjüligini diýsene… Bu ýagty ýalançy bizi gujagynda şeýle bir aýnadýar welin, didaryňy didaryndan aýrasyň gelenok. Hat-da ýaşy ýüzden geçen gojalaryňam ýene bir müçäni arzuwlamagy geň ýagdaý däl. Nusgawy şahyrymyzyň:

“Mollalar öwerler ol kyýamaty,

Goýsalar bu ýagty jahan ýagşydyr”.

— diýşi ýaly, adam ömürboýy bakylyga ymtylyp ýaşaýar. Hiç bir güýç ynsany bu ymtylyşdan aýra salyp bilenok, bilmezem. Ýüregini gussa gapladan käbir adamlar gep arasynda “Durmuşdan şeýle bir doýdum, asla ýaşasym gelenok” diýen ýaly sözleri aýtsalar-da soňky minutlarda öz şol sözleriniň garşysyna göreşýärler. Çünki bu owadan barlykdan doýan barmy? Hiç wagt bolmazam. Muny uzak ülkeleriň birinde bolup geçen aşakdaky tymsalda-da aýdyň görmek bolýar.

*****

Hassahananyň “Tiz kömek” bölüminde işe başlapdym. Her bir uly hassahanaň “Tiz kömek” bölüminde bolşy ýaly, bu ýerde-de nobatçy tutuş gününi aýak üstünde geçirýärdi. Elbetde, tejribeli lukmanlaryň ýanynda maňa onçakly agyr işem düşenokdy. Ýöne men bar ünsüm bilen lukmanyň bejergi usullaryny synlap, tejribämi artdyrmaga çalyşýardym.

Gije. Sagadyň dili 01:30-y görkezýärdi. Bir zenan bilen bir erkek kişi, ellerinden tutup 16-17 ýaşly bir daýanykly ýaş ýigidi hassahana getirdi. Şol ýigidiň kakasy bolmaga çemeli, bir adam olaryň yzyndan dergazap bolup gelýärdi. Ol adam elem-tas bolup gelşine:

– Balamy halas edeweriň. Halas ediň!- diýip seslendi.

Nobatçy lukman gijäniň ýadawlygy bilen kürsä siňip giden ýerinden gobsunmaly boldy. Şol aralykda şepagat uýalary hem gelen müşderileri garşylap, olary rahatlandyrmaga çalyşýardylar. Men bolsa lukmanyň ýanynda aýak üstünde durdum. Ýaňky ýaşuly sözüni şeýle dowam etdirdi:

– Lukman aga, oglum öz janyna kast etjek bolup, derman içipdir. Hudaýa şükür, çöregi bitin eken– ejesi göräýipdir. Derrew şu ýere alyp geldik.

– Içen dermanlary ýanyňyzdamy?

Ýaňky adam penjeginiň jübüsinden derman gutularyny çykardy-da lukmana uzatdy:

– Şu dermandan on bäş-ýigrimi sanysy, şundan on sanysyny, mundan bolsa dört-bäş sanysyny içipdir.

– Haçan içendigini bilýäňizmi?

– Bolan bolsa iki sagat bolandyr.

Lukman derman gutularyny esli salym synlanyndan soň, ilki ýaş ýigide, soň bolsa ýene-de derman gutularyna seretdi.

– Hä! Beýdäýmeli däl eken-dä. Gynanýan.

Maşgalany gaýgy-endişe gurşap alypdy. Lukmanyň kesgitli bir zat diýerine garaşýardylar. Ýöne lukmandan ses-seda çykanokdy. Men bolsa bu ýigidiň derrew aşgazanyny ýuwmaly bolarys öýdýärdim. Bu ümsümlik atanyň beren sowaly bilen bozuldy:

– Näme etmeli bolarka?

Lukmanyň ýüzi üýtgedi. Ol umytsyz nazaryny ata öwürdi. Kellesini iki-ýana ýaýkap, elleri bilen çäresizligiň yşaratyny etdi. Lukmanyň agzyndan çykan soňky sözler, maşgala agzalarynyň ýüregine ok bolup sünjildi:

– Gynansagam, elimizden gelýän zat ýok. Onsaň hem bu dermanlar… Siz gaty gijä galypsyňyz.

Men maşgalany pynhan synladym. Ýigidiň ene-atasy ör-gökden gelip, gözleri okara ýaly açylypdy. Ýigidiň bolsa ýüzi boz-ýaz bolupdy. Ejesi hem-de uýasynyň kömegi bilen zordan aýakda duran ýigit, birden dikelip gorkuly nazaryny lukmana dikdi. Ol lukmanyň sözleriniň çynlakaýdygyna-däldigine göz ýetirmek isleýän ýaly, esli wagt garap durdy. Soňra-da, ýigit özüni lampa ýere göýberdi. Aýakda durmaga mejallarynyň galmandygyndanmy nämemi, maşgalanyň beýleki agzalary hem dyza çökdüler. Kakasy hem-de ejesi öz aralarynda umytsyz hümürdeşdi. Bu dymyşlyk esli salym dowam edensoň, kakasy ýene-de lukmana sowal berdi.

– Indi näme bolarka? Hiç zat edip bolmazmy?

– Giç. Bu ýagdaýda hiç zat edip bilmeris. Etsek hem netijesi bolmaz. Ýene bir sagatdan hassany ýitireris. Siziň göwnüňiz üçin, onuň ýagdaýyny gözden geçiräýeli.

Men ýigidiň ýüzüne seredýärdim. Ölüm gorkusy hem-de umytsyzlyk, ony galagoply ýagdaýa salypdy. Öz ýanymdan onuň näme hakda oýlanýandygyny pikir etdim. Ölümi bular ýaly ýakynyňda duýmak, elbetde, bu ýagdaýa taýýarlyksyz ynsan üçin ýeňil-ýelpaý zat däl bolmaly. Adam öz ömri bilen eden şeýle samsyklaç oýnunyň pidasy bolup, bir sagat soň öljegini bilse, kim bilýär, nämeler hakda oýlanmaz? Aslynda hemmämiziň başymyza ölüme bir sagat ýakynlaşjak pursatymyz gelip ýetmeli. Köpimiz, durmuşyň her hili oýunlaryna höwrügip, ölümiň bize juda ýakyn gelendigini hem unudýarys. Häzir bu ýigit öz geçmişi, dost-ýarlary, maşgalasy hakda oýlanýandyr. Ýa bolmasa ölümden soňky durmuş barada? Ýagny bir sagat soň nämeleriň boljakdygy barada? Ýöne, onuň entäk nähili arzuwlary bardy.

Durmuş dowam edýärdi. Içerde ýatan başga bir hassanyň yzyndan gelenler lukmandan nämedir bir zatlar soraýan wagty, daşardan ýene bir hassa getirilýärdi. Şol wagt başga bir lukman gapydan içerik girdi. Duran ýerimizden birnäçe otag ilerde bolsa şepagat uýalarynyň magnitafonyndan aýdym eşidilýärdi. Men bolsa içimi gürledip: “ Wah, biz ynsanlar nähili beýle oýlanyşyksyz bolup bilýärkäk, beýle gaflatda ýaşap bilýärkäk.” diýýärdim.

Ýigidiň kakasy ahyry özüni dürsedi. Özelenip sowalyny ýene-de gaýtalady:

– Hiç zat edip bileňizokmy? Asla umyt ýokmy?

Oňa deňeç hälki içeri giren lukman hassany ümläp, näme bolanyny sorady. Lukman anyk jogap berdi:

– Öz janyna kast etjek bolupdyr. Hossarlary gijä galypdyrlar. Ýagdaýy agyr. Elden geljek zat galmandyr. Soň bu barada size ýörite hasabat bererin.

Bu gürrüňler gulagynyň düýbünde bolup geçensoň, ölüm bilen ýüzbe-ýüzlük ýigidi diýseň gorkuzypdy. Etmişine puşman bolan ýigit, gyryljak sesi bilen lukmana: “ Halas bolmak üçin, näme etmeli bolsa men taýyn. Size ýalbarýan. Meni ölümden halas ediň!” diýdi. Lukman oňa jogap bermedi.

Ölüme bular ýaly golaý baran birini öň hiç haçan görmändim. Özi hem şeýle ýaş.

Ýaşaýyş we ölüm… Ýaş bolmak, garramak… Durmuşyň manysyna düşünmek… Ölüme mydama taýyn bolmak… Şular ýaly bir topar pikir beýnimde at salýardy.

Lukman ol ýerden daşlaşdy. Men hem yzy bilen gitdim. Ýolda lukmana şol ýigidi halas etmek üçin başga-da ýollaryň bardygyny düşündirjek, ýatlatjak boldum. Lukman bolsa yzyna öwrülip, gözümiň içine seretdi-de:

– Jan inim, görýäňä bu ýerde hatda aýakda zordan durýan garrylar hem ýaşamaga jan edýär, bu ýigit bolsa ýaňy on ýedi ýaşynda ömür tanapyny öz eli bilen kesjek bolýar. Eger beýle ýaşasy gelmeýän bolsa näme üçiň oňa garşy çykaly? Goý, bir salym pikirlensin. Goý, ölüm näme, ýaşaýyş näme bilsin. Durmuşyň, dünýä inmegiň, ynsan bolup ýaradylmagyň maksady barada oýlansyn. Özüni Ýaradany, Onuň öňündäki borçlaryny ýatlasyn.

Yzyndan bolsa meni ýene bir gezek geň galdyrdy. Ol çyny bilen gülüp, şeýle diýdi:

– Ýogsa, senem onuň öljegine ynandyňmy, eýsem?

– Näme, ol asyl ölenokmy?

Lukman gülüp elindäki derman gutularyny görkezdi. Bularyň bary-da, ölüm howpy bolmadyk witamin gutularydy.

Atanyýaz HANGELDIÝEW.

Sorag-jogap, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir