Öňki ýylyň iýul aýynda sport taryhyndaky iň uly ýalançylardan biri bolan Rozi Ruis wepat boldy,ol 66 ýaşyndady.
Roziniň ady marafon ylgawynyň taryhyna giren, emma aýal bular ýaly abraýy hiç wagt arzuw etmändi.

1980 ýylda Ruis abraýly Boston marafonunda ýeňiji boldy.Soňrak ol 42 km.ýerine 1.6 km.ylgany belli boldy.

Boston marafony ilkinji gezek 1897 ýylda geçirilipdir we häzire çenli her ýyl apreliň üçünji duşenbesinde geçirilýär.Esasy aralyk - 42 км. 195 метр, emma gysgarak aralyklar hem bar:ýarym marafon we çagalaryňky.

1980 ýyldaky marafon 84 nji gezek geçirilen.Erkeklerde garaşylmadyk ýagdaýlar göze taşlanmady-amerikaly Bill Rojers yzly-yzyna üçünji ýyl ýeňiji boldy. Aýallaryň arasynda bolsa sensatsiýon ýagdaýda söwda firmasynda işçi bolup işlän asyl gelip çykyşy Kubadan bolan 27 ýaşly amerikaly Rozu Ruis ýeňiş gazanýar.


Ruis haýran galdyryjy netije görkezýär - 2.31,56 (2 sagat, 31 minut, 56 sekunt), bu şol döwür üçin marafonlar taryhyndaky üçünji netije bolýar.Şu marafon Ruisiň gatnaşan ikinji marafonydy.

Şok ýagdaýna düşen žurnalistler Roziden bu netijä nädip ýetendigini soranlarynda,sportçy aýal ýönekeý jogap berdi: "Türgenleşdim".

Ruise dabaraly ýagdaýda medal dakyldy, lawr ýapragyndan çemen sowgat edildi.Onuň suratlary ABŞ nyň iri neşirlerinde çap edildi.

Ýöne,Roziniň ýeňşi janköýerler we guramalarda şübhe döretdi.Ol nireden peýda bolanyna we nädip beýle toz ýetip gelenine hiç kim düşünmedi.Interwýuda ol aralygy nähili geçendigini aýdyp bilmedi,finişde bolsa onuň elleri we ýüzi gurudy,fudbolka öl bolsada onuň endamynda bir damja-da der tapylmady. Mundan başga-da garşydaşlary we wolontýorlar ony ylgawda görendiklerni ýatlap bilmediler.

Hakykat gysga wagtyň içinde aýdyňlaşdy.

Suratçy Sýuzan Morrou guramaçylara marafon wagty Rozini metro duralgasynda görendigini aýdýar.Sýuzanyň aýtmagna görä,Rozi suratça 10milden soň şikesi sebäpli marafony wagtyndan öň tamamlamaly bolandygyny aýdan eken.

Guramaçylar dürli fotograflaryň ýol ahyrynda alan 10 müňe golaý suratyny öwrenip,olaryň hiç birinde Ruisiň suratyny tapmaýarlar.Gözegçi wolantýorlar hem ony trassada görmändiklerni aýdýarlar,ýöne wolantýorlardan biri finişe 1 mil galanda Ruisi parkdan ýola düşenini gören eken.

Roziniň netijeleri inkär edilip,kanadaly Jaklin Garoni çempion hökmünde yglan etmek üçin delil we şaýatlar ýeterlikdi. Ruis bu işlerden juda nägile bolýar: "Bu durmuşymdaky ikinji erbet günüm.Birinjisi,18ýyl öň atamy öz ýurdunda taşlap gaýdanymda bolan".Birnäçe ýyl ötüp Ruis Boston marafonynda hilegärlik etmändigini aýtdy.Ol guramaçylara medaly gaýtaryp bermedi - Garo-na başga medal ýasap berdiler.

1996 ýylda Roziniň adwokaty Stiw Marek hakykaty aýdyp berdi. Adwokadyň aýtmagna görä,marafondan birnäçe aý geçip Ruis Stiwe marafon aralygyny metroda geçendigini,trassa soňky milde goşulandygyny aýdyp beren eken. Adwokadyň aýtmagna görä,Rozi bu işi ýeňmek üçin etmändir,ýöne wagty nädogry hasaplapdyr. " Ol wagtyndan öň trassa çykdy,hiç kim finişe ýetip gelmändi Rozi çempion bolanyny eşidip,haýran galýar".

Çaklamalara görä,Ruis hakykatdan hem ýeňşi planlamadyk,ýönekeýje soňky bellik kagyzynda adynyň bolmagny islän - onuň Bostona syýahatyny iş beriji maliýeleşdiren we hasabat soran.

Soňrak Ruis öňki marafonda hem şeýle hilegärlik edeni belli bolýar. Ol medal gazanmadygy sebäpli muny hiç kim duýmaýar

Roziniň syýahaty Boston marafonundan soňam dowam etdi - emma sport igrundan däl.1982 ýylda ony özi işlän guramadan 60 müň dollar oburlany üçin ele salýarlar. Rozi bir hepde türmede oturýar we şertli türme tussaglygna geçirilýär. Bir ýyl geçip kokain satmakçy bolan "marafonçy" ýene polisiýa düşdi.


2019 ýylyň iýulynda Rozi Ruis rak sebäpli wepat bolýar. Onuň ýalan ýeňşi Boston marafonyny üýtgedip goýberdi: 1980 ýyldaky hadysadan soň hemme sportçylara elektron çipler ýerleşdirilip başlandy.

Sport, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir