UZAGA ÇEKEN OÝUN
(Hekaýa)
— Iş wagtam-a paýawlap barýa welin, oglanlar, bir müşderi gaty gyssanýa. Şu gün ýetişmesek, ertir irdene barsagam razy. Eger häzir gitmäge döwtalabyňyz bar bolsa-da, aýdyň — diýip, ýolbaşçymyz otagymyza gelip, matlabyny aýtdy.
— Näme mesele ýüze çykypdyr? — diýip, ekabyrrak işdeşimiziň biri ondan sorady.
— Sebäbini müşderiniň özem bilenok. Kompýuteri düýbünden açylanokmyş. Bärik getirmäge-de ýaltanýa. Ýerinde barlyp hyzmat edilenini kem görenok. Ýaşaýan ýerem Taslama köçesi. Edaramyzdan-a ep-esli daşda-da ýerleşýän eken...
— Be, biziň ýaşaýan ýerimiziň töweregi eken öz-ä — diýip, men müşderiniň salgysyny eşidenimden, dillendim. — Bolmasa, özüm gidäýerin hyzmata.
— Ýagşy, ynha, onda müşderiň salgysy — diýip, ýolbaşçym elime pişigiň gulagy ýalyjak kagyzy tutdurdy.
Kagyz bölejigini alyp, müşderiniň adyny okadym welin, depämden gaýnag suw guýlana döndi. Seýran Hallygylyjow. Be, walla... Bu şol Seýranmyka ýa başga kişimikä?
— Ikirjiňlenýän bolsaň aýt, başga birini ýollaýaly — diýip, ýolbaşçymyz birhili oýurganyp durşumy görüp, gönüläp sorady.
— Ýok, ýok, özüm giderin. Ertire-de goýup durmaryn, häzir göni ugruna çykaryn — diýip, meseläni çürt-kesik etdim.
— Onda müşderiň bilen boluber — diýip, ýolbaşçymyz ýanymyzdan çykyp gitdi.
Men hasyr-husur gerek-ýarak zatlarymy jemläp, ýola düşdüm. Taslama köçesine awtobusly barmak üçinem eslije wagt bardy. Duralgadan ulaga münüp, oturgyçlaryň birine çökenimden, ýatlamalar meni çagalyk döwrüme atardy.
Bu wakanyň bolup geçenine indi ýigrimi bäş ýyl dagy boluberipdir. Ýigrimi bäş ýyl. Çärýek asyr...
Tomus günleridi. Üçünji synpy tamamlap, tomusky dynç alşa çykypdyk. Obadaş oglanlarym, synpdaşlarym bilen uzakly günümizi oýnap geçirerdik. Şol gün öýlänara Seýran bize gelipdi. Ylgaşlap gelenligi haslap gürleýşindenem bildirip durdy. Ol derwezeden howla girip-girmäşe içindäkini daşyna çykardy:
— Begmyrat, gel, bukuldym oýnaly. Men-ä gizlenýän, eger meni tapyp bilseň, islän zadyňy berýän.
Seýranyň teklibi imrindirijidi. Şol bada onuň owadanja topy göz öňüme geldi.
— Birden tapaýsam, topuňy berermiň?
— Gürrüňi bolmaz. Tapyp bilseň, topum seňki.
— Menem siz bilen oýnajak, menem — diýip, özümden üç ýaş kiçi jigim Emir hem dillendi.
Men garşy çykdym:
— Ýok, sen ululaň oýnuna goşulma.
— Goý, Emirem bile gözleşsin. Iki bolup gözläýiň. Men garşy däl — diýip, Seýran ýylgyrdy.
— Eger Seýrany öňürti tapaýsaňam, top meňki bolýandyr — diýip, inimiň boýnuna goýdum.
Inim razylyk bilen başyny atdy. Onuň oýna goşulybilse armany ýokdy.
— Onda içiňizden howlukmanjyk, müňe çenli sanaýaňyz, diňe şondan soň meni gözlemäge başlaýaňyz — diýip, Seýran şertini aýtdy.
— Müňe çenli gaty köp bolýar-a. — Men Seýranyň şertine garşy çykdym. — Bukuldymda diňe ona çenli sanalýar ahyry.
— Topumy utjagyň çyn bolsa, onda ona çenli däl-de, müňe çenli sanamaly bolarsyň. Ýogsa-da, oýnajak däl — diýip, Seýranam özüniňkini gögertdi.
— Bor-da, müňe çenli sanamaly bolsa, sanaýaryn— diýip, ylalaşmakdan başga alaç tapmadym.
— Onda näme, oýun başlady — diýip, Seýran ýene ýylgyrdy.
Inim ikimiz tamyň diwaryna golumyzy goýup, gözümizi ýumduk. Soň müňe çenli sanamaga başladym. Müňe çenli haýaljakdan sanamak dilde aňsatdy. Jigim-ä heniz ondan artyk sanabam bilenokdy. Şonuň üçinem ol sesini çykarman, diňe meni diňläp, goluny gözünden aýyrman, başyny tamyň diwaryna diräp durdy. Ynha, sanap-sanap, ahyry müňe-de ýetdim. Şundan soň elimi gözümden aýyrdym. Ýoňsuz wagtlap goluma gysylyp duran gözlerim gamaşyp gidipdi. Daş-töweregim ümezläp durdy. Inimiň henizem tamyň diwaryna goluny diräp, gözüni ýumup durşuna ýüregim awap gitdi.
— Boldy, jigim, gözüňi açaý indi.
— Seýrany gözläp başlabermeli-dä onda? — diýip, inim gözlerini owkalap durşuna heşelle kakdy.
— Hawa. Ýöne Seýrany öňürti tapaýsaňam, top meňkidir — diýip, oňa başky şertimi ýene ýatlatdym.
— Ýöne topy menem oýnasam bolar-a?
— Hawa. Eger tapmaga kömek etseň, saňa-da oýnadaýaryn şo topy.
Şunlukda aga-ini bolup Seýranyň gözlegine çykdyk. Ilki bilen öz howlymyzdan başladyk. Ähli ýerini elek-soky gözledik. Emma Seýrandan uç tapmadyk. Köçä çykdyk. Biraz diňşirgenip, haýsy öýe girip bukulyp biljegini çakladyk. Çaklan öýümize barybam, Seýrany agtardyk. Şeýdip, esli wagt entedik. Soňabaka bize özüm bilen deň-duş dört-bäş oglanam goşuldy. Olaryň ýanynda Seýranyň topuny utjagym barada birjigem dil ýaramokdym. Oňa inimiň şärik bolmagam ýetikdi.
— Öýünde bukulyp ýatan bolaýmasyn şol?! — diýip, birsalym selpänimizden soň, synpdaşym Ahmet pikirini aýtdy.
Ahmediň pikiri biçem däldi. Oglanlar bolup Seýranyň öýüne eňdik. Howluda onuň enesi gezip ýören eken.
— Enesinden baryp soraýynmy? — diýip, Ahmet öňe dyzady.
— Ýok — diýip, Ahmediň al-petinden aldym. — Kim bilýä, belki, ol enesine tabşyryp goýandyr özüni sorap gelen dostlaryna öýünde bukulanyny aýtmazlygy.
— Onda şu ýerden görünmänjik, howlyny synlaýarys. Ahyr-a iti bilen oýnamaga daşyna çyksa gerek — diýip, Bäşim diýen dostum dillendi.
Bäşimiň teklibi bilen barymyz ylalaşdyk. Şeýdibem, Seýranyň daşarda görnerine garaşyp, esli wagt bukdaklap oturdyk.
Howly eliň aýasynda ýalydy. Öýden daşyna biri çykdygy, arkaýyn görmek mümkindi. Ýöne, näçe garaşsak-da, Seýranyň öz-ä däl, hatda kölegesem görünmedi. Üýşüp birini garawullap durmagyň netijesizdigi görnüp durdy. Şonuň üçinem inime bärde bukuda oturmagy tabşyrdym-da, dostlarymy ýanyma alyp, Seýrany başga ýerlerden gözlemäge başladyk.
Tomsuň günleri uzyn hem bolsa, ahyry ýaşýar. Garaňky mazaly gatlyşýança oglanlar bilen Seýrany agtardyk. Emma onuň bukulan ýerini tapyp bilmän geçäýdik. Soňabaka ene-atalarymyz atlarymyzy tutup, öýe çagyryp başlady. Hemmeler öýüne ýygnandy. Menem gaýtdym. Öýe baranymda inim gözüni tegeläp, öňümden çykdy.
— Aý, garaňky düşdi welin, men-ä gorkup gaýdaýdym-laý...
— Oňarypsyň, züwwetdin, oňarypsyň— diýip, men inime gyjalat berdim-de, içeri girip gitdim. Çaý-naharymy iýibem, ýerime geçip ýatdym.
Ertesi gün Seýranyň gözlegine çykjagam bolmadym. Barybir, indi ol topuny bermez. Men diňe onuň «Niçik, utuldyňyz gerek?» diýip bir ýerden çykaryna garaşyp oturdym. Ýöne ol gün Seýran gara bermedi. Uzakly gün. Ertesi günem görünmedi. Şundan soň, nämüçindir, ýüregime dowul düşdi. Ahyry çydaman, bolan wakany ejeme aýdyp berdim.
— Alla jan, şondan bäri asla görnenokmy ol? — diýip, ejemem birhili alada galdy. — Hany, ýör, Seýranyň öýüne gideli.
Ejem meni yzyna tirkäp, obanyň ileri çetinde ýaşaýan synpdaşym hem dostum Seýranlaryň öýüne bardy.
— Salamälik — diýip, ejem derwezäni açyp bizi garşylan Aýsoltan daýza salam berdi.
— Älik salam, gelin jan. Geliň, geçiň! — diýip, Seýranyň enesi bizi gadyrly garşylady.
— Hany, bu agtyjagyň Seýran nirede? — diýip, ejem Aýsoltan daýzadan sorady. — Iki gün bäri görnenok diýýäler-ä çagalar...
— Uly oglumyň harby işgärdigini bilýäň-ä sen. Nirä işe ugratsalar, gidibermeli-dä. Ynha, iki gün mundan öň ony paýtagta işe geçirdiler. Agtyjagymam Aşgabada gitdi.
— Oň ýaly bolsa ýagşy-la — diýip, ejem uludan bir dem aldy. Soňam menden eşiden gürrüňini Aýsoltan daýza aýdyp berdi.
— Wah, eşejik, bolasy, ejesi-kakasy ýola çykyp durkalar: «Häzir dostum bilen sagbollaşyp gaýdaýyn» diýip bäş-on minut bir ýerlere gürüm-jürüm bolup gitdi-le. Asyl, ogluň bilen oýunjyk gurup gidipdir eken-dä — diýip, Aýsoltan daýza başyny ýaýkady. — Häý, garagol! Heýem, şoň ýaly iş edip bormy diýsene...
— Wah, oýun gurany hiç-le! — Ejem şundan soň biraz ynjaldy. — Jany sag bolsa bolýa. Men-ä oglum «Iki gün bäri Seýran bir ýerde bukulyp, görnenok» diýensoň, şondan habar tutaýyn diýip, bärik gaýdyberendirin.
— Jany sag olaň. Alada etmäň — diýip, Aýsoltan daýza ejemi köşeşdirdi. — Edil ýaňyja gelnim bilen jaňlaşdym. Ogluma iş ýerinden gowy jaýam beripdirler. Menem ýanlaryna çagyrýalar.
Aýsoltan daýzanyň gürrüňini eşidenimden soň, Seýranyň şol gün inim ikimizi ýörite oýnamak üçin gelendigine göz ýetirdim. Onuň şeýdenine gaty öýkeledim. Bardy-geldi oňa erte-birigünde sataşaýanlygymda, hökman ýelimi ýatyrjakdym. Ýöne Seýranyň şol gidişi boldy. Üç-dört aýdan Aýsoltan daýza-da obadaky öýüni körpe ogluna goýup, paýtagta — uly oglunyň ýanyna göçdi.
Aýlar ötdi, ýyllar geçdi. Mekdebi tamamlap, menem paýtagta okuwa gitdim. Hünär edindim. Merkezde işe ornaşybam, şäherde galdym. Çagalyk döwrümizde Seýranyň biz bilen henek edip giden wakasy-da huşumdan uçup gitdi.
Ine, kagyz bölejiginde Seýranyň adyny okanymda şol waka duýdansyz serime doldy. Aslynda, häzirki barjak öýüm çagalyk dostumyňky däl bolmagy-da ähtimaldy. Meňzeş at, familiýa gytmy eýsem?..
Pikirlere gümra bolup gelşime, salgy berlen öýe nädip ýetenimi hem bilmändirin. Öýüň jaňyny basdym. Gapyny açan on ýaş töweregindäki oglanjyk agynjak synpdaşym Seýranyň özüdi. Ony görüp, dilim tutuldy. Bu öýüň Seýranyňkydygyna indi birjik-de şübhe galmandy.
— Kim gapyny kakýa, oglum? — diýip, aňyrdan oglanjygyň kakasy göründi.
Ýyllar Seýrany mazaly üýtgedipdir. Ozalky çepiksije oglanjyk etli-ganly daýaw pyýada öwrülipdir. Onuň diňe eňeginiň sag tarapyndaky haljagazy hasaplamasaň, oglanlyk döwründäki keşbinden birjigem nyşan galmandyr. Bardy-geldi oňa ýolda-yzda dagy sataşanlygymda, duşundan tanaman ötüp geçjegim ikuçsuzdy.
— Näme, tanamadyňmy? — diýip, men Seýrana dikanlap seretdim.
— Ýüzüň-ä tanyş ýaly... — Seýran boýdan-başa meni synlady. — Ýöne tanamadym, bagyşla...
— Şunça ýyllap bukulyp gezseňem, ahyry tapandyryn görseň... Topuňy utdurmajak bolup, baý, gaty uzaklarda gizlenipsiň-ow.
— Begmyrat?
— Hawa, men şol, Begmyrat. Bolsa-da, unutmansyň-ow...
Seýran durup bilmän, meni gujaklady:
— Bagyşlaweri dostum, bagyşlaweri... Çykaran hokgamyň telekdigine diňe ýyllar geçensoň düşündim. Üýtgeşik oýun tapan boldugymdyr-da, elbetde, şol wagt.
— Oýnumyz gaty uzaga çekdi öz-ä.
— Uzaga çekse-de, ahyrynda sen ýeňdiň.

Eziz GELDIMYRADOW.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir