21.08.2021
Türkmenlerde gyz maşgala her ýaşda bir at berlipdir. Gyzjagaz ulalyp göze görnen bolsa, oňa «ulugyz» diýlipdir. Bu sözüň manysy gyzyň ýetginjek ýaşa ýetendigini aňladypdyr. Gyz maşgala hoşsurat we näzenin bolsa «gözel gyz» diýlipdir. Bu sözüň çuň mazmuny ata-babalarymyzyň durmuş pelsepesinden gelip çykýar. Sebäbi biz ähli gözegelüwli, aňrybaş owadan zatlara gözel diýip baha berýäris. Owadan, mylaýym gyza «gözel gyz» diýlip ýüzlenilmegi tebigydyr. Çünki Magtymguly atamyz hem:

Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy gözel sen.
Ussa Jepbar işi, senjap jüpbesi,
Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen!

— diýip, gözel gyza ýüzlenýär. Nusgawy şahyrlarymyz gyzlary owadan Aýa, Güne deňäp, taryp edipdirler. Gözel gyzlaryň daşky owadanlygy bilen olaryň edep-ekramy hem taryplanypdyr. Türkmen gözeli taryhyň ähli döwürlerinde öz edebini saklap bilipdir. Muňa edebi eserlerimizde döredilen zenan keşpleri şaýatlyk edýär. Şonuň üçin ulugyzyň diňe hulky gözel bolman, onuň edebi hem gözel bolupdyr. Türkmen ýigitleri hem birbada gyzyň daşky gözelligine aşyk bolan ýaly bolsalar-da, onuň akyl-parasadyna, edim-gylymyna sarpa goýupdyrlar. Görüm-göreldesi, mylaýym häsiýeti, zenan mertebesini saklaýşy bilen uly abraýa eýe bolan türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň ady taryha girendir. Olar: Altynjan hatyn, Aýjäjek, Törebeg hanym, Tumar şa, Parawbibi ýaly keramatly atlary bilen türkmen zenanynyň mertebesini ýene bir ýola beýgeldipdirler.

Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünje ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Magtymguly Pyragynyň «Durasyň geler» goşgusyny ünsli okasaň, asylly türkmen gözeliniň ruhy sypatlary we fiziki keşbi janlanýar.

Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli-ekramly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

Tebigatyň beren gözelligini utanç-haýasy, pähim-paýhasy bilen bezäp bilýän gyz «gözel» diýen belent baha mynasyp bolupdyr. Türkmen gyzlary ähli döwürde şu bahany pese gaçyrmandyrlar. Çünki nesil terbiýesi, onda-da ýaş gyzlaryň terbiýesi ähli döwürde-de ene-mamalarymyzyň göz astyndan sypmandyr.

Zenan terbiýesiniň gözbaşynda duran gyzlar, olaryň edep-ekramy hem ilkinji orunda bolupdyr. Çünki pederlerimiz gyzlardan gelin, gelinlerden ene ýetişýändigine dogry düşünipdirler. Şonuň üçin gyzlary kiçiliginden zähmete ugrukdyrmak, töwerek-daşyny söýmek, mähirli bolmak ruhunda terbiýelemäge çalşypdyrlar. Pederlerimiz gyzlary «gözele», gelinleri «baýdaga», eneleri «Käbä» deňäp söýüpdirler. Olary agyr işden, durmuşda gabat gelýän kynçylyklardan goramaga, aýamaga çalşypdyrlar.

Gyzyň gözelligi haýasynda, edebinde jemlenipdir. Türkmen gyzlary geýinmekde, geplemekde, iýip-içmekde utanç-haýany saklapdyr. Hoşgylaw we mylaýymzada gyzlar ene-atanyň göwün şady hasaplanypdyr. Ene-atanyň ilkinji borjy gyzlaryna edep-terbiýe bermek, soňra bolsa hünär öwretmek bolupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgä görä enesiniň terbiýesini alan gyz asylly we edepli bolup ýetişipdir. Gyz maşgalanyň esasy häsiýeti işeňňirlik hasaplanypdyr. «Owadanlyk toýda gerek, işlilik günde» ýa-da «Işlilik — behiştlilik» ýaly nakyllaryň döremegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Sebäbi başga öýe gelin bolup düşjek gyz maşgalany edep-ekramly, işeňňir edip ýetişdirmek maşgalanyň borjy bolupdyr. Bu işde gyzyň ýeňňesi onuň terbiýesine dahylly kişileriň biri hasaplanypdyr. Ol baldyzyna tikin-çatyn, edep-ekram öwredýär. Şondan bolsa gerek, «Aý ýanynyň ýyldyzy, gelin ýanynyň baldyzy» diýlen söz düzümi halk arasynda köp ulanylýar. Ýeňňe gyza el işlerini öwredýän, onuň bilen syryny paýlaşýan ejeden soňky iň mähriban ynsan hasaplanypdyr. Şonuň üçin sawçylyga barmazdan öň, köplenç, ýeňňeden gyzyň häsiýeti, işeňňirligi soralypdyr. Muňa Kemine şahyrymyzyň şu setirleri şaýatlyk edýär:
Ýeňňe gyz maşgala tikin-çatyndan başlap, ähli zatlary — päkizeligi, mähremligi, sylag-hormatlylygy, gaýyn öýünde özüňi nähili alyp barmalydygyny hem öwreder eken. Şonuň üçin «Ejesi öwen gyzdan gaç, ýeňňesi öweni alyp gaç» diýlipdir. Gyz dünýäsi, gyzlyk buýsanjy onuň her bir hereketinde, işinde mese-mälim duýlupdyr. Asylly gyzyň ýetişmegi asylly nesliň gözbaşy hasaplanypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edepli-ekramly, bagtyýar gyzlary peder dowamatymyzyň sagdynlygyny kepillendirýär.

Gyz maşgala dünýä inenden özüniň näzikligi, naşylygy, mähremligi bilen özüni aldyrýar. Bu hem gudratly tebigatyň oňa beren peşgeşi. Gyz çaga ulaldygyça edep-ekramly, düşbüje, asylly bolmaklyga ymtylýar. Özünden kiçi jigileri bar bolsa, olara ýardam etmeklige çalyşýar. Beýle häsiýetler gyz maşgalanyň gursagyna ene süýdi bilen geçýär. «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde» diýişleri ýaly, öýüň hojalyk işlerini etmekde, myhman garşylamakda, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini etmekde ýaş gyz, ilki bilen, enesinden, soňra bolsa daş-töweregindäkilerden görelde alýar. Haýsy bir meselede sorag ýüze çyksa, öz mähriban käbesinden sorap bilmekligi endik edinýär. Ene bilen gyzyň arasyndaky mähremlik, biri-birine ynanmaklyk olary syrdaş joralara öwürýär. Bu bolsa gyz maşgalanyň durmuşda gabat geljek säwliklerden sowlup geçmegine mümkinçilik berýär. Umuman, gyz maşgalanyň ene-atasynyň öýünde alan terbiýesi, onuň ejesinden gizlemedik syrlary bagtyýar durmuşynda görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Gadym wagtlar Mylaýym atly bir gyz maşgala orta gürpde ýaşaýan birine gelin bolup düşýär. Bularyň öýi günde gelim-gidimli. Gazanlar atarylyp, dürli tagamlar bişirilip durmalymyş. Bu gyzyň welin, atasy öýünde günde çorbadan başga zat bişmez eken. Onsoň, gelin görgüli näbilsin börek, gutap bişirmäni. Asyl, täze gelin öý işleriniňem köpüsini bilenokmyş. Gaýynene görgülem Mylaýym gelniň adyna kybapdaş mylaýymlygyny, asyllylygyny, edepliligini sulhy alansoň, oňa gaty-gaýrym söz diýmegi özüne uslyp bilmän, diňe gyzy Ejegyzyň adyny tutup:

— Ejegyz, gel bärik, börek üçin edilýän hamyryň edilişini synla, senem kiçi-girim däl-ä, şu zatlary bilmän durar ýaly, palawa salynjak zatlary getir, meniň ýanymda otur-da dograşdyr — diýip gygyrýarmyş.

Ejegyz birki sapar ejesi şeýdip gygyranda gelip, etmeli işlerini edipdir. Mylaýym gelnem gapdallarynda oturyp, bulara syn edipdir. Öz ýanyndan olaryň hereketlerini öwrenipdir. Üçünji gezek gaýynene Ejegyzyň adyny tutup gygyranda onuň ýerine Mylaýym gelin ylgap gelipdir-de, edilmeli işleri ediberipdir.

«Hä-ä, Mylaýym gyza baha berenimde ýalňyşman ekenim-ow. Munuň ene terbiýesi ýerlikli, güýçli bolmaly. Görýäňmi, ýarym sözden düşünip ylgaberşini. «Gyzym, saňa aýdaýyn, gelnim sen eşit!» diýen aýtgyny könelerimiz bilmän aýtmandyrlar ekeni. Munuň terbiýeçilik äheňi uly eken» diýip, gaýynene içini gepledipdir.

Dogrudanam, gyz maşgala ýaşlykda berilýän edep, öwredilýän edim-gylym ýerlikli bolanda, ol hemişe abraýly gelin bolmaklyga çalşar, öz atasy öýüniň sarpasyny galdyrar. Gyzly öýe hemişe aýratyn sarpa goýlupdyr. «Gyzly öý, soltanly öý», «Gyzly öýe rehnet ýagar», «Gyzly öý gyzyldan halka» diýilýär. Gyzyň keşbi-de, ysy-da güle deňelýär. Diýmek, olar durmuşyň gülleri.

Şeýdip apalanyp, goraglanyp saklanýan gyzlar hem özleri hakynda edilýän alada buýsanç bilen jogap bermelidirler. Okuwda bolsun, işde bolsun, jemgyýetçilik ýerlerinde bolsun, ilki bilen, asylly bolmak gyz maşgala, gözellik çaýýar. Özüňden ula salam bermeli, bu edebiň başy hasaplanýar. Gyzyň edepliligi bütin iliň edepliligine deňelýär. Bu beýik zat. Şol derejä laýyk bolmagy başarmaly. Durmuşda her bir bolup geçýän wakalara özüňçe baha berip, onuň gowy taraplaryny kabul edeniňde hiç wagt ýalňyşmarsyň. Ejeň, daş-töweregiň, mugallymlaryň berýän ündewleri hem gyz maşgalany biparh goýmasa ýagşy, sebäbi bu adamlar hiç wagt seniň ýamanlygyňda däldir. Durmuş ýörelgäňde sabyrlylygy hem eliňden bermeli däl. Şu ýerde ýene-de bir waka ýadyma düşdi.

Goňşymyz ogullarynyň halaşýan gyzyny, bir öýüň lälijegi hasaplanýan gyzy gelin edindi. Täze gelniň hereketleri — öý ýygnaýşam, nahar bişirişem, asyl, ýerine ýetirýän hiç bir işi gaýynenäniň göwnünden turanokdy. Eden işine at dakar oturardy. Gelnem öz adamsyna bolan söýgüsiniň hatyrasyna ähli kemsitmelere çydajak bolup dyrjaşýardy. Aýlar-günler kerwen gurap geçip durdy. Maşgaladaky bar bolan adamlaryň ählisiniň gelinden göwünleri hoşdy. Emma gaýynenäniň bolsa, şol bir bolşudy. Sabyrly gelin bu ýagdaýy daşary çykaranokdy. Onuň sabyrlylygy adamsynda gelne bolan söýgini, mähremligi has-da artdyrýardy. Eger-de, gelin gaýynenesi bilen deň bolup dursa, onda maşgala çaýkanmak bilen bolar. Bu maşgaladaky gyzlar hem durmuşa çykyp gitdiler. Gaýynene islese, islemese gelniniň elinden çaý içmeli boldy. Sähel syrkawlasa, gelnine ýüz tutdy. Gelniniň ýürekden edýän hyzmaty, aladasy gaýynenäniň kalbyndaky ýigrenji günleriň bir güni söýgä öwürdi. Gaýynenesiniň:
— Jan gelnim, saňa döneýin, men ýalňyşypdyryn, seni kemsidipdirin, bagyşla meni — diýip, gelnini gujaklap, bagryna basmasy maşgalanyň agzybirligine, döwletine goşa şatlyk getirdi.

Nursoltan TAŇRYBERDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Edebiýat, Razymy? tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir