Hytaýda nahar iýmek üçin her ýyl 74 milliarddan gowrak nahar iýilýän çöpjagaz ulanylýar. Başgaça aýdanymyzda, bu görkeziji 1,7 million kub metr ýa-da 25 million agaja barabardyr. * * * Hytaý Halk Respublikasynda 18-22 ýaş aralygyndaky erkek raýatlara gulluk borjy hökmanydyr. ***** Tan dinastiýasynyň imperatory Wu Hytaýyň taryhyndaky ýeke-täk zenan imperatordyr ***** Hytaýda 3 müňden gowrak teleýaýlym bar ***** Hytaýlylar 2 müň ýyl bäri çaý içýärler ***** Hytaýyň milli pul birligi bolan“ýuanyň” manysy “milli pul birligi” diýmekdir. ***** Beýik Hytaý Diwaryny älem giňişliginden ýönekeý göz bilen görüp bolýar ***** Pandalar Hytaýyň Siçuan, Şensi we Gansu daglarynda ýaşaýarlar. Olar Hytaýyň döwlet emlägi hasaplanylýar. Pandalaryň esasy iýmiti bambuk agajydyr. ***** Hytaýlylar öz dişleriniň aladasyny diýseň yhlasly edýärler. Şunuň bilen baglylykda Hytaýda “öz dişleriňi söý” atly milli gün hem bar. Şol günüň senesi 20-nji sentýabrdyr. ***** Gadymylygyň ensiklopediýasy bolan «Ýunle ensiklopediýasy» Min dinastiýasynyň eýýamyna degişlidir. Ol 22937 jiltden ybaratdyr.
Bilaymeli zatlar
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- bagyshlan maglumatyn asyl cheshmesini goymandyryn,
 **"zaman gazeti"nden alynda
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- Maglumatlaryn ucin minnetdar laplandia
- 
                sukomoto
                15 years ago
                
- Beýik Hytaý Diwaryny älem giňişliginden ýönekeý göz bilen görüp bolýar 
 ine şunyň jypdyrma ýalan. Wikide şu barada ýörite bölüm bardyr.
 Aýdan görmek üçin bolsa 17 müň esse ulaldyjy gerek.
 Wiki_Great-Wall
Wwwmmm 15 years ago- bu maglumatlary nireden aldyn?