Ähli dinler hemişe şol bir esasy ýörelgeleri nygtadylar we şol bir hakykata ünsi çekdiler. Allatagalanyň iberen her bir pygamberi özünden öňki pygamberleriň dowamy bolup, ýeke Hudaýlygy wagyz etdiler.

Gurhanyň habary ilkinji adam we ilkinji pygamber Hezreti Adam ata (aleýhyssalam) bilen başlanan wahynyň dowamydyr. Sebäbi Allanyň nazarynda ähli dinleriň esasy birdir we bu-da YSLAMDYR:

“Takyk, Allanyň ýanynda (hak) din yslamdyr...” (Alı-Ymran, 3/19)

Dürli döwürlerde we ýerlerde gelen pygamberler biri-birini ret etmediler we Hezreti Muhammet (saw) hem bularyň hiç birini ret etmeýär:

“Pygamber öz Perwerdigäri tarapyndan özüne indirilen (Kurana) iman getirdi we möminler (hem iman getirdiler). Olaryň hemmesi Alla, Onuň perişdelerine, kitaplaryna we pygamberlerine iman getirdiler. (Olar): "Biz Onuň (Allanyň) pygamberleriniň hiç haýsyny (beýlekisinden) aýry tutmaýarys. Biz (Alladan gelen emirleri) eşitdik we (olara) boýun bolduk. Biz Seniň ýalkawyňy (soraýarys)! Eý, Perwerdigärimiz! (Biz) diňe Saňa öwrülip bararys!" diýdiler. (Bakara, 2/285)

(Olara): "Biz Alla, özümize indirilene (Kurana), Ybraýyma, Ysmaýyla, Yshaga, Ýakuba we onuň neberesine indirilenlere, özleriniň Perwerdigäri tarapyndan Musa, Isa we (ähli) pygamberlere berlenlere iman getirdik. Biz olary birek-birekden aýra tutmaýarys we biz Oňa (Alla) boýun egenlerdendiris" diýip aýt. (Alı-Ymran, 3/84)

Hezreti Muhammet (saw) öňki pygamberleriň dowamy, işleriniň tamamlaýjysy ýalydyr. Ýekeje tapawut yzyndan bir pygamberiň gelmeginiň mümkin däldigi bilen, ol pygamberleriň iň soňkusydyr.

Adamy ýaradan, ony iň ownuk jikme-jiklikleri bilen bilen, zerurlyklaryny kanagatlandyran Alla, her döwürde adamlara zerur habary (wahyny) ýetirendir we iň soňky nokady Hezreti Muhammet (saw) bilen goýandyr. Diýmek, mundan soňra pygamber gelmez, wahyda üýtgeşiklik bolmaz we adamlar bu soňky wahy (çagyryş) bilen durmuşlaryny dowam etdirerler:

"...Men bu gün siziň diniňizi kämil etdim. Size Öz nygmatymy doly berdim hem-de din hökmünde size Yslamy saýladym..." (Maide, 5/3)

"Kim yslamdan başga din gözlese, (bilip goýsun), ondan (başga din) hiç haçan kabul edilmez we ol ahyretde hem zyýana galanlardan bolar" (Alı-Ymran, 3/85)

“Muhammet siziň araňyzdaky erkekleriň hiç haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir. Alla ähli zady bilýändir” (Ahzab, 33/40)

Yslam dini adamzady maddy we ruhy kämillige ýetirýän ähli ýörelgeleri öz içine alýar. Oňa uýýan şahsyýetleri we jemgyýetleri rowaçlyga, bagta ýetirýär. Ýaşaýşyň goralmagyna uly ähmiýet berýär. Adamyň we jemgyýetiň asudalygyny bozmaga synanyşýanlara iň agyr jeza berýär. Agzybirligi we raýdaşlygy, hoşniýetliligi we hyzmatdaşlygy buýurýar.

Yslam adamzadyň peýdasyna gowy ahlagy hödürleýär. Müňlerçe peýdasy bilen maddy we ruhy kesellere şypadyr. Yslam dini bilime we paýhasa esaslanýar, jahyllygy (sowatsyzlygy) iň uly duşman hasaplaýar. Adamlary hemişe pikirlenmäge höweslendirýär. Yslam dininiň ähli adamzat üçin nähili peşgeşdigine düşünmek üçin, yslamdan öň we soň dünýäniň ýagdaýyny deňeşdirmeli.

Yslamdan ozal bütin dünýä nadanlygyň we bidüzgünçiligiň, terrorçylygyň rehimsiz penjelerinde ejir çekýärdi. Arap ýarym adasy hem dünýäni ýakan bu wagşyçylykdan we elhençlikden öz paýyny alypdy. Adamlar gyz çagalaryny diriligine jaýlaýardylar we muňa buýsanýardylar. Yrymlara ynanýardylar, öz elleri bilen ýasan butlaryna çokunýardylar we olardan kömek soraýardylar.

Şol garaňky döwürde Kuranyň yşygy Arap ýarym adasynyň bir burçundan misli bir güneş deýin şöhle saçdy. Hapa, sögünç sözlere we süteme garşy çykdy. Belent beýany bilen adamlaryň gözlerini açdy, dogry ýol görkezmesi bilen ruhlary arassalady, aňy ýagtylandyrdy we wyždanlary aýdyňlatdy. Zulumy ýatyrdy we ýerine adalaty getirdi. Köňüllerden kinäni we ýigrenji çykardy. Olary söýgi we rehimdarlyk bilen çalyşdy.

Kuranyň bu täsiri diňe şol döwür bilen çäklenmedi. Şondan soň haýsy millet yslamy kabul edip, durmuşyna ornaşdyran bolsa ylymda-da, paýhasda-da, senagatda-da, söwdada-da ösdi we beýleki halklara görelde boldy. Muňa iň aýdyň mysallaryň biri hem Seljukly we Osmanly siwilizasiýalarydyr.

Sorag-jogap, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir