"ÝAGŞYLAR KÖŇÜLDE KINE SAKLAMAZ"
Durmusyn esasy rahatlygy kalbyn asuda bolmagydyr. Dagdan inen cesme asuda hem dury akyar. Añ-payhasyn durulygy, sagdynlygy ucin hem asudalyk gerek. Asudalygy nadip gazanmaly? Munun ucin yuregini ynamsyzlykdan, gahar-gazapdan, oyke-kineden goramaly."Ýigit köňli giň gerek" diýlisi yaly, gownuni gin tutmaly. Su gunden ertire dine yagsy oy-pikir, arzuw-maksat, hos hyýal bilen gadam basmaly. Her saherde guslaryn satlanyp sayraysy yaly, taze guni begencç bilen garsylamaly. Yurege agram salyan "çökundilerden" hernace ir saplansan, sonca yagsydyr.
Kine - bu suwun duybune coken yaramaz daslar deyin, yuregin çuñuna çümen cokundidir. Bu cokundinin gunsaýyn zeleli kopeler. Ka adam birbada gaharlansa-da, dawa-jenjel turuzsa-da, sahel wagtdan sonra hic zat bolmadyk yaly, oyke-kinani yatdan cykaryar. Bu hasiyet adam saglygy, nerw rahatlygy ucin oncakly zelelli diyip bolmaz. Seyle hasiyetli adamlary toweregindakiler hem yazgarmayarlar. Olara dogry dusunyarler we "yureginde zat yok" diyip, basym bagyslayarlar. Aslynda, seyle hasiyet adamyn pikir-dusunjelerinin, duygy-oylarynyn pakliginiden nysandyr.
Yureginde oyke-kine saklayan adamlar koplenc gowni galan pursady dawa-jenjel etmeyar, ahli zady icine salyar. Kinesini yureginin çuñunda uzak wagtlap saklayar. Mydama amatly yagday dorese, "aydaryn-diyerin, pas ederin" diyen pikir-küýde yasayar. Gownuni yykan kisi gabat gelse, yene-de oyke-kinesi tazeden oyanyp, gahary gelip baslayar.
Konulde kine saklamak adamkarcilik kadalaryna oñlanylmaýan hasiyetdir. Seyle-de, kine saklamak bilen adam oz-ozune agram salyar, satlanyp yasamagyn deregine gaharlanmaga, lapykeclige yakyn bolyar. Lapykeç adam yakynlayna-da oñaýsyz tasir edyar. Yuregin cuñunda saklayan kicijek kine dosty dostdan aýyryp, abrayly, dowletli masgalalara agzalalyk getirip biler. "Goç ýigidiñ köñlünde kine az bolar" diyleni. Yurekde saklajak bolsan, kine dal-de dine hos hyyallary saklamaly. Ynsany bezeyan in gowy hasiyetlerin biri gecirimlilikdir. Masgala durmusynda gecirimlilik has-da wajyp. Ayratyn-da, masgala agzybirligini bar zatdan ileri tutyan turkmen zenanlarynyn gecirimlilik, gin gowunlilik, sabyrlylyk yaly hasiyetleri uly sylag-sarpa eyedir. "Gahar öñden ýörär, akyl yzdan" diylisi yaly, kahalatda ogul-gyz ene-atadan oyje-kine eder welin, ene-ata hic wagt kine saklamaz. Oyke-kine durmus tejribesinin kemrerligi, dargursaklyk, oz-ozune asa yokary baha bermek yaly hasiyetler bilen baglydyr.
Birnace sapar edilen yagsylygy, yekeje gowne degilmek bilen unudyp bolarmy?! "Synan göwün seýikmez" diyilyar. Yone sonda-da gowne degilmanin sebabini, beyle yagdayyn asyl name esasynda yuze cykyandygyny biljek bolmaly.
Yitirmek ansat, tapmak kyn. Hatda seyrek hem bolsa, ak suyt berip ese-boýa galdyran enesinden hem kine saklayanlar bar. Kine saklamak yitirmek bilen dendir. Bu hasiyet has cynlakay oylanmaga degislidir.
Artyknur NOHUROW, TDLU-mugallymy
Cesme: Zenan kalby žurnaly.
10.07.2021 16:03

Bilim, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir