Dünýä meşhur genileriň biri çagalygynda örän bezzat bolupdyr. Bir günem kakasy oňa içi çüýli torba bilen bir bölek tagta getirip beripdir. «Haçanda dostlaryň bilen sözüň azaşsa, bu tagtanyň ýüzüne torbadaky çüýden birini al-da, tagta kak!» diýipdir.

Oglanjyk heniz ilkinji günden tagtanyň ýüzüne otuz çüý dagy kakypdyr. Ol gün geçdigiçe özüne erk edip, böwrüni diňläp ugrapdyr we gün-günden has az çüý kakmaga başlapdyr. Soňabaka tagta hiç zat kakmandyr. Muny baryp kakasyna aýdypdyr. Kakasy ogluny diňländen soň, çüýli tagtasyny eline berip: «Şu günden başlap, dostlaryň bilen dawalaşman geçiren her günüň üçin tagtanyň ýüzünden bir çüý sogur!» diýipdir.

Günler kerwen gurap geçiberipdir. Ahyry bir gün tagtanyň ýüzünden bütin çüýler aýrylypdyr. Kakasy şonda ogluna şeýle diýipdir: «Berekella, oglum! Gör, nähili akyllanypsyň! Emma oglum, şu tagtanyň ýüzündäki yzlara üns bilen seret. Ol indi öňküsi ýaly tekiz däl, deşik-deşik. Haçanda dostlaryň sözleri azaşsa, biri-birine ýaramaz sözler aýdýarlar. Her bir aýdylan agyr sözem adamyň ýüreginde edil şu tagtadaky ýaly yz goýýar. Sen dostuňy bagyşlap bilersiň. Emma onuň kalbyndaky ýaranyň yzy hemişelik galar. Dost diýeniň edil altyn-kümüş ýalydyr. Ol seni diňlär, saňa güýç berer, şatlygyňy paýlaşar, kyn güne düşeniňde, saňa ýardam eder, hemişe syrdaşyň bolar!»

Taýýarlan: Arslan Alaýew

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir