"Pul üçin gelen pul üçin söýer"
-Freans Joseph

Ilki bilen bir zat aýdaýyn, hakyky söýgi bar. Wepaly gyzam bar, ýöne sanaýmaly. Aşaky temalarda Leila atly bir agza "Pul bolmasa söýgi ýok" şeklinde bir teswir ýazypdyr. Gaty ýalňyş teswir welin nädip düşündirjegimi bilemok. Seniň diýýäniň "Aýal-gyzlar pula mätäç, pul bolmasa biz ýok" şeklinde, a tak gatnaşyklarda esasy zat pul däl. Sen esasy zat pul hökmünde görkezipsiň, saňa hak berýän bir ýerinde, hawa pul wajyp, pul bolmaly netijede gürleşýäniňi eklemeli ahyryn. Ýöne esasy zat däl ol, eger ol esasy zat bolsady hakyky söýgi bolmazdy, hiç kim biri-birine söz aýtmazdy, ahlak wapşe bolmazdy. Söýgi elmydama garşylykly bolmaly, bu pul üçinem şeýle, hemme zady erkek etmeli diýip zat hiç ýok, eger bulam şeýle bolsady gatnaşyga gerek bolmazdy. Meselem iki jüwüt bir kafede oturan bolsa, şo gün biri tölär, ertesi gün biri, bu gaty ahlakly ýagdaý we köp yerde şuwagt şeýle. Seniň diýýäniňi şeýle söz bilen tankytlap bilerin, eger bir gyz puly üçin bir oglany söýse, puly gutarsada oňa garşy söýgüsi gaçar, sebäbi ony başda pul üçin söýdi. Diýmek nämemiş, esasy zat pul dälmiş, esasy zat söýgüdir, garşylykly söýgi. Bu oglan üçinem şeýle.
Bir gyz adaty oglany söýüp biler meselem, netijede hiç bir gyzam gaty garyp, özüni oňaryp bilmeýäne barasy gelýän däldir. Ýöne puldan wajyp söýgi berip bilmeli oglan, eger diňe başarýan zady pul bermek bolsa puly gutarsa bermedik söýgüsiniň ýeri doldurulmadygy üçin ol gyz 100% gider. Bakyň nirä seretseňiz şeýledir, pul üçin gelen pul üçin söýer.
Meselem bir oglanda pul bolman söýgi bolsa, ol gyzam söýgüsine razy bolsa, şol oglan şony eklemek üçin işläp ekläp başlar, sebäbi ony söýýär. Diýjek bolýanym esasy zat söýgi.
Ýagny bir oglan hem söýgi berip bilmeli hem ykdysady taýdan eklemäni başarmaly. Bu ýagdaý soňabaka garşylykly bolmaly, sebäbi garşylyksyz zadyň gadyry bolmaýar. Bu hakykady hiç kim üýtgedip bilmez.
Soňam "Oho gyzyşdyňda, näme degdimi bir ýeriňe." diýipsiň, seniň şunyň ahlaklymy ? Paýynçsyz teswir ýazan birine beý diýmegiň nä derejede dogry ? Ikinjidenem "Indi sende akyl gidip arassa emosiýa oýnap başlady" diýipsiň, akyl bilen baglanyşygy ýok temaňam gürrüňiňem, sen umuman aýdylan zatlara çydap bilmän atylypsyň, hemde edepsiz şekilde.

"Esasy zat söýgüdir, garşylykly söýgi"

-Neo Toprak

Sorag-jogap, Nazarhann tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir