Owganystanyň esgerleri"Taliban"dan ýeňilip, Täjigistana gaçdy. Serhetdäki ýagdaý galagoply.
21 iyun güni "Taliban"nyň ýaragly topary Owganystanyň Täjigistan bilen serhetdeş Gunduz welaýatyndaky Şirhan Bandar serhet bölegine hujum etdi

Täjigistan Milli howpsuzlyk döwlet gullugy serhet goşunlarynyň maglumatlaryna görä, 22 iyun sagat 09:00 a çenli dowam eden ýaragly çaknyşygyň netijesinde hüjüme döz gelip bilmän, Owganystan hökümet güýçleriniň 134 sany harby gullukçysy Täjigistana çekilmäge mejbur boldular.

Täjigistan serhetçileri döwlet serhedini bozan owgan esgerlerine ýurda erkin girmäge rugsat berdiler.

Owganystan harby gullukçylarynyň arasynda 4 kishi yaralanan we 1 kishi heläk bolan.

Täjigistan we Owganystanyň ortasyndaky serhet çyzygyndaky ýagdaý ýitileşýär.Şirhan Bandar däki ýaralanan, öldürilen we ýesir alnan owgan harbylarynyň umumy sany 100 adama ýetýär.

Soňky maglumatlara görä,soňky on güniň içinde Owganystanyň Täjigistan bilen serhetleşýän dört welaýatynda hökümet güýçleri we"Taliban"yň arasynda çaknyşyklar bolan.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir