Ataş içre ýangynlarym sönşenok,
Näme üçindir durmuş bilen alşamok,
Wah erkege aglamagam gelşenok,
Emma gözim ýaşlap aglasym gelýär,


Göwünlik berýäñiz heriñ bir ýandan,
Derde em etýäñiz ondan hem mundan,
Ynanyñ ýalan däl möññürip çyndan,
Hemmeden gizlenip aglasym gelýär.

Sebäbi ýok şükür hemme gowluk-la,
Emma kalbym bir ýerlere howlukýar,
Ejir berýär goyberenje säwliklem,
Ýene ökinç bilen aglasym gelýär.

Kagyz tapsam çyrşap sere geleni,
Undup bolsa her ýüregñi dileni,
Haýry näme iñ soñunda bileniñ,
Ajala elimi salgasym gelýär.

A sen geñem görme meniñ bolşumy,
Arzuwmy alysa ýollasym gelýär,
Eger etjeklerim günä bolmasa ,
Menem seniñ ýaly aldasym gelýär.

Awtory: Baýram Bejidow

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir