Men hemişe şol bir zada ynanýan,
Sebäp kemligimde, kimligim bildim.
Gezdim hergiz yrga şaha söýenmän,
Hemmäñ özüm bilen deñligin bildim.

Dileg etsem Alladan diläp bagtym,
Boş zatlara sarp etmedim, boş wagtym,
Terk etseler menem diýdim ,,hoş wagtyñ...",
Pelegiñ oýnunyñ geñligin bildim.

Dost ýüzine syrly bolup bakmadym,
Duşmanyma hyrly okum atmadym,
Bir gözele ,, bagtym" diýip çaklasam,
Ýaş añymyñ biraz kemligin bildim.

Arzuwa, hyýala berilip käte,
Barmasyz ýerlere aýagym ädip,
Ynansañ hemme zat bolýandyr öýdüp,
Köl-e meñzedenmiñ çölligin bildim.

Ähli aladamy unudyp herne,
Gara zähmet bilen ak derim derläp,
Öñki ýalñyşlarmy duýmagyñ ýerne,
Seni söýemden soñ senligiñ bildim.

Awtory: Baýram Bejidow

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir