Ondan bari 18 yyl geçdi. O dòwur mena uly gyzdym Annageldi bolsa bir masgalañ 8 ya§yndaky kòrpeçe
oglydy
Men oña Anny diyyadim
Annylar bilen biz goñ§y otyryadyk. Olaryñ karende pagta yeri hem ,biziñ yerimiz bilen bir yerdedi.Men
ishlemage gidemde ol hem meniñ bilen, otag etsem kicijek katmenini alyp, suw tutsam kicijek pilin alyp
bile ishleyardi
Biz Anny bilen gunde bile gityardik. Ara tapawydymyz 12 yyldy.Ola 8 yaśynda men bolsa 20
ya§ymdadym.Anny bolanda men begenip ony ulaldan hem mendim. Mydama egnimden dusurman
goterer yorerdim.
Bir gùn pagta yygmaga gidemde Anny bilen gol tuty§yp gumsakly yoldan aydym aydyp baryakak men
Anna sorag berdim
-Anny sen §u wagt meniñ bilen deñ bolan bolsañ meni alarmydyñ
-bilemok diyip utanya gujagyma gysyp ony di§lap di§lap aldym
Waaak hem diyenokdy
Ay gùn geçip durdy. Biziñ obamyzda Gulnabat gelnejemiñ ogly Serdar uçun maña gudaçylyga geldi.
Òydakiler tany§ça yerler diyip gownediler we razy boldylar
Bu gije men onyñ bilen gòru§melidim .Men bir munut Annylaryñ tamynyñ yol gapdalyndaky ùzum
teláriñ a§agynda gòrjek diydim.Serdary òñem gòrùp yoremsoñ men arkayyndym
Du§u§maly wagty men Annyny yanyma garagul alyp gitdim. Anny gownemedi, §ondada bardy. Serdar
bilen azyrak durdym toy barada ony muny geple§dim. Meniñ bu hereketim Anna yaramady, ol ylgap
gaytdy òye, ol gaydansoñ men hem Serdar bilen ho§la§yp gaytdym
Ertesi pagtamyza gitmeli welin mundan òñ Anny sagat 6- bolmañka i§ikde gideli diyip durandyr weli bu
gùn gelmedi, òylerine bardym görsem ot yaly gyzyp yatyr way saña name boldy diysem ol çaga
- meni goyyp gitme men Serdary yigrenyan, ulanamda soldat bolamda ony atjak diydi
-men yylgyrdym we
-sen onat bol hemme zat gowy bolar diydim, men obadan da§a gidemoga diydim
Uzak wagt ara dùśman men toy etdim we Serdar bilen onyñ okayan yerine gaytdym
Ondan soñ atanda seyranda hem oba baramda Annyny gòrmedim. Ol hem §aher mekdebine okawa
girip soñ hem welayatdaky woyeniy mekdebe girip §o tayda hem okady.Ondan soñ da§ary yurtda
wayenniy instutlaryñ birinde okap geldi
Bu aralyklarda men ony gòrmedim
Indi ol 26 ya§ynda .Bu gùn onyñ toyy, bagt toyy. Toya çakylyk geldi , gitdim
Anny owadan, eginlek, sagdyn ,ne semiz ne hor firurasy òzune gel§ik berip duran goç yigit bolyp
yeti§ipdir
Ol meni gòrenden ylgap diyen yaly gelip gujaklady, menem gujaklap, ogsap oña bagtly durmy§ arzuw
etdim
Onyñ bilen geçen gunleri yatla§yp gulu§dik, ol indi utananok gòni meni ta§lap Serdara bardyñ diyip dur
Gùl§ùp otyrkak Annyñ teline jañ geldi. Ol aljak gelnimizdendi, ol salona almaly gul çemenleri barada
gurruñ edip telin goydy
Meni gyzyklandyran zat Annyñ teliniñ jañynyñ sesidi. Ya§ oglan telefon jañynda aydym dalde go§gy
bardy
Menem §ony gaytaladyp ber diñlap gorjek diydim
Anny
-bu go§gy meniñ òmùr geçmi§im, bu go§gyny bir diñle bu meniñ 18 yyl mundan òñ saña aydyp
bilmedik yurek sòygùm
Yylgyrdym hany onda diñlet
Sena uly gyzdyň zülpleri towly,
Menem bir mašgalaň körpeje ogly,
Mena söyyan diýip sayran bolardym
Senem monça bolyp aynan bolardyn.
Hemise gizlenip göz bilen dilden,
Bileje yörardik gumsakly yoldan,
Ir saherden baryp atyzly pele ,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.
Köp sorag bererdim sebap ulydyň,
Gül ülkamde gozelleriň gülidiň.
Degšip diyerdin
basym yigit bolarsyn?
Öylenmekçi bolsañ meni alarmyñ?!
Kyndy bu sowala jogap tapardan,
Oylanyanym gorup göziñ gypardyñ
Köp pikir ederdim bolip haly teň,
Diyerdin jogap berda sowalyma meň
Jady gozleñ ašygy men ašygy,
Ýone neylayin çapraz gelen yaşymy,
Tayyn baky owrülmaga gulyña,
Arman lalam yasyn menden ulyda
Men yigit çykynçam ynanay gulum,
Sen bolarsyñ ençe çagaly gelin,
Soñ diyerdin, ömrüm ahyryna çen Garaşaryn meni aljagyn bilsem
Emma bu durmyšda etsegem gówun
Hasyl bolayanok ähli arzuwyň,
Kàte soyen sóymedige čatylya
Ykbal aty bizden bidin čapylya
Ayra dušsek herhiz gowniň galmasyn
Bir dilegim guler yuziň solmasyn
Ömir salgym šat durmyšda kúrekle
Hem sóygumiz sakla baky yurekde
Šeytdip bezediň sen ózgaň tórini
Soñ asla gormedik birek biregi
Bir wagtlar ówrulensoň gówun šadyma
Ynha bu gün düšdiň, yene yadyma
Mena bir mašgalaň kórpeje ogly
Senem uly gyzdyn zulpleri towly
Yylgyrdym we telefonyma geçirip aldym. Ol men bu go§gynynyñ MP3 çykandan bari jañymda dur, bu
go§gyny naçe adam geçirip aldy.Gorseñ men seni hiçem yatdan çykaryp bilmedim. Sòydùm men yòne
seni sòy§ùm yaly däl, ol hem sòyyar meni yòne seniñ meni gowy gor§ùñ yaly däl. Men gyzlary
sayladym, olaryñ ićinden seniñ hasiyetiñi yatladyp duran yekeje hasiyete gawat gelsem òylenjekdim,
yòne gawat gelmedim
Ahyr Jahan gawat geldi, erte bir gòr ony gulkusi edil kopiya seniñ gulkuñ
-wah Annyjan Annyjan mena saña name diyjegim bilemokda
-hiç zat hem diyme seniñ diyjek zatlaryñ go§gy setirinde eyyam aydylan
Ikimiz hem dymdyk, bu dymmy§lykda geçmi§iñ yatdan çykmajak yatlamasy bardy. ...

Nowça

Edebiýat, Lelia.M tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir