DarKraY feat Begmyrat.K_Meýmiräp 2021

Muşdaklam halaýar şeýleräk
Arasynda ýazýan men şeýleräk
Diňläňde oturýäň meýmirap
Sebabi Darkray by Rahym Begmyrat

Eşigim köne ýöne sözlem Full formatda
Sesimem ýaňlanýa Amyderýa & Murgapda
Özümçe ýöretýän kiçiräk sungaty
Pikiriňi ellap ýaz görmäýin men gaty

Dama goýma ýetime nanyň
Gömüp goýma saglykly janyň
Eňip goýma gülim gül ýakaňy
Zyňyp goýma terbiýesini Ene-atanyň

Jübisi galňan çişer harlar
Çyraçy mouse-lar daşynda pyrlar
Ahyryma gutarara ol emläk
Bakyýeti gören ýok men-menläp

Hemme zatdan and içip bir gyzy yrdylar
Razylyk boýunça bir gije gördüler
Oňa-muňa magtanyp gürrüňem berdiler
Gaýrat edip gybat bir etmäň ýigitler

Muşdaklam halaýar şeýleräk
Arasynda ýazýan men şeýleräk
Diňläňde oturýäň meýmirap
Sebabi Darkray by Rahym Begmyrat

Doguldym sagat bäş Ezrail urdy çarhy
On altynjy ýanwar kalendarda togsan alty
Gelen wagtym diýe ýaly hakykaty görüp ýazgyn
Seresap bol bu dünýäde höküm sürýändir azgyn

Ýaşa diýdi beg ýaly başar tapyp meradyň
Adymam tutdy welin ýatdan çykdy çyn adym
Seslendi ýeke däl sen goýdym saňa perişde
Eje diýip ýüzlenersiň gorar seni her işde

Perişdäme sagbolsun kynam bolsa ulaltdy
Indi setir ýazmaga pikirlerim guratdy
Soragyňyza jogap şu ýazmagymyň sebabi
Islemedim berdiler çagakam bu hünäri

Arzuwym diňe deňlik,belki bolmazam
Kakaň puluna ýaşaýan sözüni almazam
Ýöne artykmaç tarap bilýäňmi nämede
Bizädä ýüzüp geldiň a köpüsime gämide

Taýýarlan:Hemra Taganow

Täzelikler, Syke Dali tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir