“Nokia” şereketi 2-nji martda başlan “Cebit 2010” kompýuter we tehnologiýa sergisine özüniň täze “C5” smartfonyny görkezdi. Biler­menler hem enjamyň funksiýa taýdan üpjün­çiligine hem-de onuň dizaýnyna ýokary baha berdiler. Täze telefon “Symbian S60 3rd Edition” ope­rasion ulgamy bilen üpjün edilendir. Onda “Nokianyň” täze elektron hat ulgamy “Nokia Messaging” hem-de emeli hemralar arkaly ýeriňizi belli edýän “Ovi Maps” programmala­ry bar. Telefonyň salgy depderçesini Inter­net arkaly “Facebook” saýty bilen çatmak bol­ýar, şeýlelikde, bu saýt bilen köp işleýän adamlara örän uly ýeňillik berilýär. Smarftonyň ekrany “QVGА” kysymly 2,2 dýumlyk (5,6 sm.) bolup, ol 3,2 megapiksel­lik kamera, “microSD” ýat kartoçkalar üçin ýer, “Bluetooth” tehnologiýasy, “FM” radio, “A-GPS” ulgamy hem-de 3,5 mm. (adaty) nauşnik ýeri bilen üpjün edilen­dir. “Nokianyň” täze seriýasynyň ilkinji wekili bolan “Nokia C5” telefonynyň bahasy bol­sa 135 ýewrodyr.

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir