Peri
Doly okaň
Aldap bir enäniñ eziz balasyn
Sőÿÿän köÿÿän diýip ýakmañ oglanlar
Erkeklik bilmeñ zenanyñ nalasyn
Arzuwly dűnýäsin ýykman oglanlar

Hiç derejede däldir aldowa zenan
Olaram biri getirdi kemala
Şeýtseler ýararmy señ öz uýaña
Özünize yakmazyn etmäñ oglanlar

Naçaryñ gözi ýaşy ýatmaýar ýerde
Hasaby bolar munda ya o ýerde
Zenan ýylgyrtmak ýaraşar merde
Nähak göz ýaşlaryn dökman oglanlar

Olaram seni yally ALLA yarady
Aldow bilen almañ elinden bagty
Tümlige owrip durmuşyñ yagty
Ömürlerine gara çekmäñ oglanlar...
Awtor:okeey.rusaytyndan Peri.
Okeey.ru saytynda myhman bolup acylan bloglary okap yorkam bır gowy gosga dusdum we sızler bılen paylasmak ısledım!

Täzelikler, Hercai tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir