Salam dostlar. Meniň bu mowzugym musulmanlar üçindir. Ateist bolsaňyz okap oturmaň.
Musulmanlar siziň içiňizde Kurany Kerimi doly okap gören barmy? Eger bar bolsa siziň içiňizde köpçülik ýeriň togalakdygyna we kosmos ylymlaryna ynanýar, emma siziň Kurany Kerimiňizde älem modeli bilen alymlaryň aýdýan älem modeli düýbünden ters gelýär.Eger siz Kurany Kerimede resmi ylmyň aýdýan togalak ýere ynanýan bolsaňyz, hökmany suratda birini ret etmeli bolarsyňyz. Men bu mowzukda Kuranda ýer tekiz diýip ýazylan, şol sebäpden ýer hem tekizdir diýjek bolamok we men Kurany Kerimi tekiz ýere subutnama hökmünde ulanamok. Blogyň maksady musulmanlara Kurany Kerimde ýeriň tekiz modeli beýan edilendigni düşündirmek. Blogy okansoňyz çykarçak netijäňize men jogap beremok
Onda näme başladyk.
Neml süresi 24-nji aýat: ,,Ol zenan we kowumy Alla däl-de, Güne sežde (ybadat) edýär ekenler we şeýtan olara edýän işlerini gözel edip görkezip, olary dogry ýoldan çykarypdyr. Şol sebäpli, hem olar dogry ýoly tapmaýarlar."
Bu aýat Kurany Kerimde Saba kowumy barada ýazylsada Kuran ähli zamanlaryň mukaddes kitaby bolany üçin häzirki zamandaky gün merkezli planetar modele ynanýanlaryň ýüzüne basýandygyny görmek bolar. Şeýtan bulary gözel görkezýär. Gün merkezli model güne çokunmakdan gaýdýar. Bu barada indiki bloglarymda düşündirerin.
Naziat süresi 30-njy aýat: ,,(arapçasy: Vel-arda ba'de zalike dehaha) Soňra ýeri ýaýyp düşedik (Ondan soň ýeri düşäp (ýaşamaga taýýar görnüşde) goýdy)" dehaha kelimesi ,,Düýeguş ýumurtgasyny taşlaýan ýer” diýen manysy bar. Egerde siz düýeguşyň ýumurtgasyny taşlan ýerini görseňiz ol ýeriň tekizdiginini hiç hili ot-çöp ýokdugyny görersiňiz. Düýeguş ýumurtga taşlamazdan ozal, ýumurtga taşlajak ýerini tegelek edip tekizläp ýaýýar. Bu aýadyň manysyny käbir togolak modelçiler üýtgedip ,,ýer ,,düýeguş ýumurtgasy”-na meňzeýär” diýen zatlary çykardylar. Buýerde bellemeli esasy zatlaryň biri Düýeguş ýumurtgasy ne geoidlige ne-de togalaklyga meňzeýär. Aşakdaky aýatlara näme diýjeksiňiz?
Zariat süresi 48-nji aýat:
,,Ýeri bolsa ýaýyp düşek etdik. Biz görnähili ýagşy ýaýyjydyrys".
ýa-da
,,Ýer (ýüzüni hem) Biz düşedik. (Serediň), Biz nähili ajaýyp edip düşeýäris”
Ýeri togalak bolsa ony ýaýyp, düşäp bolarmy? Ýer togolak bolsa näme üçin Allah beýle diýýär. Ol gös göni ýer togolak diýenok. Allah ony aýtmakdan ejizmi ýa?
Rad süresi 41-nji aýat.
,,Olar biziň ýeriň töwereginden gysgaltýanymyzy görmeýärlermi?"
Ýer togalak bolsa onyň haýsy töwereginden gysgaldyp bolar?
Nebe süresi 6-njy aýat:
,,Biz, ýer ýüzüni düşek edip ýazmadykmy?"
togolak zady nädip düşek edip ýazyp bolar?
Bakara süresi 22: ,,Ol siziň üçin ýeri düşek asmany gümmez edip ýaratmadymy? Hem Asmandan suwlary düşürip, size rysk bermedimi? Bes, bilip durup Allahy özgelere deňeme"
Bu aýat bizlere öwredilen älem modeliniň ýalňyşdygyny bildirýär. Bu modele görä asman giňişlik birzat çäksiz bir zat. Tekiz ýer modelinde ýer tekizdir, asman bolsa bir gümmezdir.
Rad süresi 3: ,,Ol ýeri ýaýyp, daglary peýda edendir..."
Hijr 19: ,,Ýeri bolsa ýaýyp giňeltdik we onda daglary peýda etdik hem-de dürli-dümen zatlary ösdürdik"
Enbiýa 30: ,,Kapyr bolanlar asman we ýer bir bolanyny, Bes, Biz olary bölenimizi we ähli diri jandarlary suwdan ýaradanymyzy bilenoklarmy? Henizem iman getirmeýärlermi?"
Alymlar näme diýýä 15 milliard ýyl ozal nähilir Bing Bang bolupdyr soň ýyldyzlar galaktikalar bolupdyr diýýä. Galaktika barada Kuranda näme ýazylan?
Furkan 59: ,,Ol asmanlar we ýeri we olaryň arasyndakylary alty günde ýaradandyr..."
Resmi ylym bize älem 17 milliard ýyl mundan ozal ,,Uly Partlama”-dan emele gelenini aýdýar. Bu Kuranyň aýatlaryna dogry gelmeýär.
Zümer 5: ,,Ol asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradandyr. Ol gijäni gündiziň üstünden orar gündizi hem gijäniň üstünden orar. Ol güni we aýy öz emrine tabyn edendir. Olar mälim edilen güne çenli şu hereketde bolarlar"
Ýagny ýer aýlananok. Hereket edenok. Hereket edýän gün we aý. Eger ýeriň hereketi sebäpli gije-gündiz bolýan bolsa Allah muny açyk aýdyň beýan ederdi.
Fussilet 10: ,,Alla ýerde berk, äpet daglary ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi hasyl etdi we (ýene-de) Ol, takyk, dört günüň içinde (iki gün ýeri ýaratdy, iki gün hem ýeriň berk durmagy üçin gazyklar bolan daglary ýaratdy) ýerde isleýänler üçin deň hatarda nygmatlar taýýar etdi.”
Fussilet 12: ,,Bes iki günde ýedi asmany ýaratdy we her haýsyna öz buýurylan işlerini düşündirdi. Biz ýakyn asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik we dürli apatlardan sakladyk. Bu gudratly we bilimli zadyň takdyrydyr"
Ýedi asmany nädip düşündirjeksiňiz? Harun Ýahýa atly biriniň ,,Kurany Kerimiň ylmy täsinlikleri” atly kitabynda ýedi gat asmany atmsferanyň ýedi gatydygyny beýan edýär. Eger bu dogry bolsa ýokardaky aýatda ,,ýakyn asmanda” ýyldyzlar bardygy ýazlypdyr, diýmek atmosferanyň birinji gatynda ýyldyzlar barda? Näme olar milliardlap ýagtylyk ýyly uzakda dälmidi?
Onsoňam bu süräniň 10-njy aýadynda görşümiz ýaly ýer asmandan (12-nji aýatda) ozal ýaradylany beýan edilen ýagny ilkinji dört gün ýer ýaradylan, soň iki gün bolsa asman.
Ahkaf 3: ,,Biz asmanlar we ýeri hemde olaryň ortasyndakylary hak bilen bellenen kyýamata çenli möhlet bilen ýaratdyk. Kapyr bolan kimseler bolsa özlerinden äge ediji zatdan ýüz öwürijilerdir."
Talak 12: ,,Allah asmany we ýeri ýedi gat edip ýaratdy. Allanyň emri we permany olaryň ortasynda amala aşar durar. Sebäbi Alla ähli zada Kadyrdygy üçin şeýle etdi."
Lukman 10: ,,10. Ol (Alla) asmanlary, siziň görşüňiz ýaly, diregsiz ýaratdy we ýere siziň sarsmazlygyňyz üçin gazyklar (daglar) dikdi. Ol ýerde dürli-dürli jandarlary ýaýratdy. Biz asmandan suw inderip, şol ýerde (zeminde) dürli peýdaly ösümlikleri jübüt-jübüt edip ösdürdik.”
Şems 1-6: ,,Kasam edýän Gün we onuň şöhlesine we onyň yzyndan gelýän Aýa. Güni äşgär eden gündize we ony oraýan gijä. Ýeri we ony ýaýyp goýana..."
Ýunus 5: ,,Ol güni şöhle ýaýradyjy we aýy nur saçyjy etdi we ýyllaryň hasabyny bilmekleriňiz üçin hersini öz menzillerine ölçäp goýdy..."
Eger ýer aýlanýan bolsa onuň menzili ölçendi diýlen ýazga gabat gelmedimle?
Ybraýym 19: ,,Eý ynsan! Allah asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradanyny görmediňmi? Eger-de ol islese sizi ýok edip ornuna täze halk döredip biler."
Araf 54: ,,Elbetde Perwerdigäriňiz Allah asmanlar we ýeri alty günde ýaradyp, öz arşyna ornaşdy. Ol gijäni gündize orar we gije gündizi howlugyp kowup barar. Ol gün we aý hemde ýyldyzlary öz emrine boýun synan halda ýaratdy. Ýaratmak we buýurmak diňe oňadyr. Ähli älemler Perwerdigäri Alla beýikdir."
Gün aý ýyldyzlar diýýär. Ýer diýen ýeri ýok sebäbi ýer hereket edenok.
Bakara 258: ,,...Meniň Rebbim direldýär we öldürýär...Meniň Rebbim güni gündogardan çykarýar. Sen bolsa günbatardan çykaryp berdä?..."
Ýagny bu ýer-dede ýeriň dälde güniň hereket edýäni ýazylan. Ybraýym Nemruda ,,Güni günbatardan çykaryp berdä?" diýýär.
Ybraýym 33: ,,Ol hemişe aýlanyp duran güni we aýy siziň üçin boýun egdirdi. Gije-gündizide siziň üçin boýun egdirdi."
Aýlanýan gün we aý ýer aýlananok diýýär bu aýat hem.
Enbiýa 33: ,,Ol gije we gündizi hemde gün we aýy ýaratdy. Olaryň hersi öz peleginde ýüzip ýörendir"
Hereket edýän ýene gün we aý.
Käbir togalak ýerçi musulmalar Neml süresiniň 88-nji aýady: ,,Sen daglary (görüp) hereketsizdir öýdersiň. Aslynda bolsa, olar bulutlar ýaly hereket edýändir. Bu ähli zady mäkäm eden Allanyň sungatydyr. Takyk, Ol siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.” ýagny şu aýady ýeriň aýlanýandygna delil hökmünde görkezýärler. ,,Ýagny daglaryň hereket etmesi ýeriň hereketi netijesinde bolýar” diýip düşündiriş berýärler. Emma olar ondan ozlky 87-nji aýady ,,Sura üflenip, Allanyň islän kişilerinden başga asmanlardaky we ýerdäki kişileriň hemmesi (ölüme eltýän) uly gorka düşjek we hemmeleriň oňa boýun egip geljek gününi (ýatlaň).” unudýarlar. Ýagny daglaryň bulutlar ýaly hereket etmesi kyýamat gününde boljakdyr. Meslem Tekwir süresi 3-nji aýat ,,Daglar ýöredilen wagty!” daglar kyýamatda herekete getiriler.
Tekwir 1-3: ,,Gün orap goýulanda. Ýyldyzlar öz peleginden dökülende. Daglar hem ornundan göterilende"
Bu aýatlarda Allah kyýamat alamatlaryny beýan edýär. Eger Alymlaryň aýdýan ýyldyzlary uzakdaky günler bolsa olar nädip ýere döküler? Özlerem million ýagtylyk ýyly uzaklyklarynda bolsa?!
İnfitar 1-2: ,,Asman ýarylanda, ýyldyzlar saçylanda..." bu aýatlarda hem Kyýamat aňladylýar. Eger bize öwredilen älem modeli dogry bolsa ol nädip ýarylar.
Rahman 33: ,,Eý, jynlar we ynsanlar jemagaty! Eger asmanlaryň we ýeriň çäginden geçmäge güýjüňiz ýetýän bolsa, hany, geçiň bakaly! (Emma) geçip bilmersiňiz, meger (Alladan gelen) perman (güýç) bilen (geçip bolar).”
Bu aýat kosmosa hiç wagt (Alladan perman gelýänçä) uçup serhetlerden çykyp bolmajagny aýdýar.
NUH TUPANY NÄDIP BOLDY?
@adalat19 agzanyň ,,Biz hakykatdan nirede ýaşaýarys” blogynda (http://www.talyplar.com/posts/67087) tekiz ýeriň ýumurtga modeli beýan edilen. Ol blogda Biziň tekiz ýer diskimiz ýene birnäçe biz bilmeýän diskler bilen birlikde bir ýumurtganyň içinde ýerleşýändigni ýazypdyr. Ýumurtganyň gabygy biziň asman gümmezimizdir.
Ol blogda Nuh tupanynyň bolup geçişi barada şeýleräk maglumat berilýär:
,,Biziň asman hökmünde seredýän gümmezimiz şol ýumurtgaň ýokary tarapy. Ýumurtgaň gabygy edil aýna ýaly aňarsy görünýär. Aýnaň aňarsynda dünýewi umman bar. Şol sebäpden asman gök bolup görünýär. Asmandaky umman bilen biziň dünýämizi ýumurtgaň gabygy saklaýar. Käbir çaklamalara görä bolsa, Nuh pygamberiň döwründe ýeri gark etmek üçin şol asmandaky böwetleri açypdyrlar we asmandaky suw ýere inipdir. Soň 3 sany örän ýagty gün tutuş ýeri çaltjak guradyp çykypdyr.”
Görnüşi ýaly ýymurtganyň daşy suw bilen gurşalan we Nuh tupanynda asman böwetleri açylyp ýerýüzi gark edilen. Töwradyň Gelip Çykyş kitaby 7:11-de ,,Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni — hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy.” Kuranyň Kamar süresi 11-nji aýadynda bolsa ,,Biz çabga (kimin ýagýan) suw (bulut) bilen asmanyň gapylaryny açdyk.” ýa-da Nebe süresi 19-20-nji aýatlarda ,,Asman hem gapy-gapy bolup açylar. Daglar ýörediler (herekete geler), salgym ýaly bolar.”
Görşümiz ýaly Nuh tupanynda asman gapylary açylyp ýer ýüzi suw bilen dolupdyr. Eger resmi ylymyň bize berýän maglumatyna ynansaň Kosmos çäksiz boşluk (wakuum) dälde suw bilen gurşalan bolýarda?
Meni geň galdyran ýer @adalat19 blogynda ol suwlaryň 3 sany äpet günleriň kömeginde guradylandygyny ýazypdyr. Meniň pirimçe ol 3 dälde 2 gün bolmaly. Rahman süresi 17-nji aýatda ,,Ol, iki gündogaryň we iki günbataryň Rebbidir” diýilýär. Bu ýertde iki güne yşarat barmyka? Bu pikirim ýönebir çaklama. Onuň manysy Aý we Güniň dogup batýan ýerlerini aňladýan bolmagy mümkin ýa-da gün her gün bir ýerden dogup, bir ýerden batmaýar, belkem bu olary aňladýandyr.

Görşümiz ýaly Kuranda ýer ýüzüniň tekiz modeli beýan edilen. Siziň Kurana ýa tekiz ýere ynanmagyňyz öz işiňiz we öz saýlawyňyz. Men bu blogymda hiç kimi dinden uzaklaşdyrjak bolmadym we tekiz ýerede ynandyrjak bolmadym. Men bu blogy açmagymdan maksat Kurany Kerimiň tekiz ýeri beýan edýändigini düşündimekdi we tekiz ýere hiç hili subutnama däldi.

© Hanture BS 2021

Bilim, Hazar99 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir