Salam dostlar! Bir mesele ýüze çykdy. Näme etmeli? Maslahat beriň! Şu gün duralgada nokia 6500 telefon tapdym. Duralgada hiç kim ýokdy. Biraz garaşdym, hiç kim eýe çykmady. Onsoň öýe alyp gaýtdym. Içinde sim karta ýok. Öz sim kartamy dakyp gördüm welin işläp dur. Telefony öýe alyp gaýtmagymyň sebäbi, ony başga biri alsa, eýesini gözlemezligi mümkin. Men eýesini gözlejek. Ertirem tapan ýerime baryp görjek. Soraşdyrjak, eýesi tapylsa berjek. Ýöne eýesi tapylmasa, nätmeli? Ýoldan tapylan zadyň maňa-ha geregi ýok, näme etsemkäm?
Telefon tapdym. Häme edeýin?
- 
                Peha
                15 years ago
                
- Dost pikiriñä erbet däl.belki eyesi tapylar nesibesi ayrylmadyk bolsa, ýöne kynçylygyndan gaçma, telefony gowuja dörüshdir eýesine degishli bir zat hökman bardyr.
- 
                Peha
                15 years ago
                
- Privetstvo-da hiç zat ýazmandyrmy?
- 
                atabeg
                15 years ago
                
- peha dost, dörüşdirdim, eýesine degişli zat tapmadym. Možet remontdan alyp gaýdandyr. Galareýasy zady hem boş. Hiç zat ýok. Ertirem şo duralga baryp görjek. Eýesi tapylmasa, duralga telefon tapdym diýip bildiriş ýelmesem nähili bolar?
- 
                atabeg
                15 years ago
                
- Koroçe, dostlar, näme maslahatyňyz bolsa, ýazyp goýuň, men ertir irden turup okaryn. Sag boluň!
- 
                dereksiz
                15 years ago
                
- atabeg dost,hawa yene baryp goray sho yere,yone ozun ulanayma,son srazu taparlar seni,bildirishem asyp goyay shol duralgada
- 
                Hellboy
                15 years ago
                
- tema yazmak üçin, başgarak zat toslap tapan bolsan has gowy bordy dost!!! 
 haysi akmak boş telefony yanıda göterya?
- 
                Farabi
                15 years ago
                
 
- 
                123456789
                15 years ago
                
- hellboy'uň aýdanyna goşulýan. emma çyndanam tapan bolsaň duralga bildiriş asmak gowy pikir.
- 
                jim
                15 years ago
                
- дост ин говусы мана узат шондак онады йок мен озим ейесини тапарын
- 
                atabeg
                15 years ago
                
- Dostlar, mesele çözüldi. Bildiriş asdym welin ýaman köp adam jaň etdi. Eýesini tapdym, tel-ň sypatlaryny, hemme zatlaryny aýdyp berdi. Begenip alyp gitdi. Magtymgulyň ýadygärliginiň ýanyndaky mekdebiň mugallymy eken. 7-nji mekdep.
- 
                dossantos
                15 years ago
                
- tüweleme uly sogap gazandyn,uly iş bitirdin
 
- 
                sukomoto
                15 years ago
                
- birden eýesi tapylmaýsa diýen sähelçe umyt bilen aldyň gerek. hakykatyň hatyrsayna boýnuňa al.
- 
                Bet77
                15 years ago
                
- ay tuweleme name gerekdi bu tema bir gunlik ekeni ozun tapdyn ozun bildirish asdyn son oz-ozune jan etdin name ow bardakiler senin oynuna kelle agyrtmalymay Indyuk ekeninow
- 
                bygja
                15 years ago
                
- telefon tapan bolsan mana ber ok?
atabeg 15 years ago- Tel. knigasynda hiç kimiň ady, nomeri ýok. sms ýazylmandyr, ýazylsa-da pozulypdyr. Birazajyk ulanylana meňzeýä. Indi men ynjalamok. Eýesi gynanýandyr.