Güljagazym gel sen dön yza, ýurek kalbyma çyg batdy ýara, dünýä öňünde oturdym dyza, ýöne hijem söýmerin sende başga... Bolmaýar ýurek aglaýar zaryn zaryn... Dünýämi gaplap aldy diňe seň söýgiň, indi syrly söýgi galdy durmuşda, unutdy köpler ahy nalamy, mährem gülkiň, enaýyja bakyşyň... Kalba hazirem şeýle gerekli...bir pursat ýatlamda ol günleri dünýäde tapylmaz menden bagtly...sen niçik owadan, sen neneň gözel, gyrmyzy ýaňaklaryň aly bar ýaly, nazaryň peýkam deý çenendi göze,aşyk gözleriňde ary bar ýaly... şol peýkam gözlerden kanagat tapdym, gara gaşlaryňdan tapdym men karar, seni söydüm,seniň näziňi çekdim, geň, sen meň söýgimi etmediň ykrar... Ykrar etmän ýöne söýenem bolsaň, aýtmadyň aşyga ýürekde baryn, bu söýgi syr bolup galar göwünde, oňa diňe öz ýanymda agzaryn. Aý - ýyllar aýyrar kalbym azaryn, aýyrmasa iň bolmanda ýeňleder, garaz ýeňjek boryn, dünýäde kyn zat ýogam bolsa öz özüňi ýeňleden... çyn söýgime ynanmadyň sen meniň, söýgä peýdasy ýok dilewarlygyň, irde giçde mähre zar bolsaň ýatla, seni söýen bir ýigidiň barlygyny…

Köneler, imperator tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir