Bu ugurda-da ykdysady çökgünligiň bolandy­gyna garamazdan, 2009-njy ýylda ýokary teh­nologiýa pudagynda ençeme degerli wakalar bolup geçdi. Bu wakalaryň käbiriniň wajyp bolmagy tehno­logiýa bolan garaýyşlarymyza düýpli täsir ýe­tirdi. Mysal üçin, bu ýyly “Windows 7” ulga­mynda täzeliklere garaşylan ýyl diýip hem at­landyryp bileris. Bu ulgam arkaly işleýän en­jamlar “Windows 7”-niň çykmagyndan has öň peýda bolup başladylar. Kompýuter ön­dürýän şereketleri bu ulgama örän ýokary baha berdiler. Munuň subutnamasy bolsa olaryň öz enjamlaryna “Windows 7”-niň sy­nag wersiýalaryny goýup satmaklary bolup durýar.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir