Päk ýürekden söýdim diňe bir seni,
Özge gözellere,söýýän diýmedim.
A sen,gözlerimden ýaşlar akdyrdyň,
Men aglamak üçin,seni söýmedim!

Saňa sözlän ähli söýgi sözlemi,
Ynan,diňe ýürek bilen sözledim.
A sen,meni söýgiň oduna atdyň,
Men ýanyňa ýanmak üçin gelmedim!

Unut meni unut diýýäň geçmişi,
Men seni,unutmak üçin söýmedim!
Seni derrew ýatdan çykarar ýaly,
Men seni,doň ýürek bilen söýmedim!

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir