Italiýanyň aňrybaş sport awtoulaglaryny ön­dürýän “Ferrari” şereketi “599 GTB Fiorano” modeline meňzedilip diňe bir sanysy öndüri­len “China Limited Edition” modelini 1,2 milli­on ýewro satdy. Bu barada metbugata beýanat beren Hyta­ýyň häzirkizaman sungat ussatlaryndan bo­lan Lu Haonyň keramika eserlerinden täsirle­nilip öndürilen “Ferrari 599 GTB Fiorano Chi­na Limited Edition” modelini Şanhaýly bir müşderi satyn aldy. Satyşdan gelen puluň Tsinghua uniwersitetiniň awtoulag inženerli­gi bölüminiň gowy okaýan talyplarynyň Itali­ýadaky “Politecnico Milano” uniwersitetinde okuw we “Ferrari” merkezinde tejribe geç­mek maksady bilen harçlanar. Beýanatda ady agzalýan modeliň satylmagy bilen bagly “Ferrariniň” Pekinde gurnalan dabarasyna Mihael Şumaheriň hem gatnaşandygy mälim edildi. Beýanatda habar berlişine görä, bu awtoulagyň häzirki wagtda dün­ýäde az mukdarda galan we diýseň gymmat bolan “Ge Kiln” keramikasyna meňze­dilip açyk ýaşyl reňkde syrça nagyşly ýörite reňk bilen reňklenendigi aýdylýar. 06 December 2009, Sunday

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir