Türkmen gazyny Hytaý Halk Respublikasyna akdyrjak gaz geçirijisi şu gün dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Türkmenistandan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrmagy göz öňünde tutýan gaz geçirijisiniň işläp başlamagynyň region üçin ykdysady hem-de syýasy taýdan öwrülişikli pursat boljagyna garaşylýar. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 1 800 kilometrden gowrak. Turbanyň 184,5 kilometri Türkmenistanyň, 530 kilometri Özbegistanyň we 1 300 kilometri Gazagystanyň üstünden geçýär. Hytaýyň giňişliginden geçýän bölegi bolsa 4 500 kilometrden ybarat. Munuň esasy ähmiýeti turbanyň Türkmenistan üçin Orsýetiň üstünden geçmeýän ilkinji uly eksport ýoly bolup durýanlygynda.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir