Roçester uniwersitetiniň geçiren ylmy-der-ňew işi tebigatyň ynsany has-da gözelleşdir­ýändigini subut etdi. Derňewiň barşynda 400 adamyň tebigatyň suratyna we şäheriň sura­tyna seredişi synlandy. Soňra synaga gatnaşyjylar özleri hakynda berlen soraglara jogap berdiler. Soraglar yn­sanlaryň özara gatnaşyklarynyň wajyplygy, şöhrat we baýlyk hakyndady. Derňewiň do­wamynda käbir adamlara 5 amerikan dolla­ry berildi we bu maddy gymmaty özlerinde saklap biljekdikleri ýa-da birine berip biljek­dikleri barada soraldy. Tebigatyň suratyna seredýänler öz durmuşlarynda ynsanlaryň özara gatnaşyklarynyň diýseň wajypdygyny aýtdylar we şol bir wagtda özlerinde bar bo­lan 5 amerikan dollaryny paýlaşmaga taýýar­dyklaryny bellediler. Şäheriň suratyna seredýänler bolsa bu gatnaşyklaryň juda zerur däldigini nygtadylar. Olar üçin şöhrat we baýlyk has-da möhüm bolup gö­ründi. Ýanlaryndaky 5 amerikan dollaryny bolsa paýlaşmakçy däldiklerini aýtdylar. Derňewi geçirenleriň arasyndan psihologiýa boýunça professor Riçard Rýan ynsa­nyň tebigat bilen özara gatnaşygynyň kesilmeginiň diňe bir özbaşdak adama däl, eýsem-de bolsa, jemgyýetçilige-de oňyn bolmadyk täsiriniň bardygyny aýratyn belläp geçdi. Alym Netta Weýnşteýn: “Biz- ynsanlar tebigatyň täsiri astynda galýa­rys we käwagtlar muny duýmaýarys. Bu derňew bize ýaşaýan ýerlerimizde ýaşyl meýdanlarymyzy köpeltmelidigimizi, biziň tebigata mätäçligimizi tassyklaýar” di­ýip, sözüni jemledi.

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir