Yzygiderli artýan dünýä ilaty ýedi milliarda go­laýlady. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) çaklamalaryna görä, hä­zirki wagtda dünýäniň ilaty 6 milliard 829,4 million adamdyr. 2050-nji ýylda bolsa bu görkeziji 9 milliard 150 milliona ýeter. Häzirki wagtda ilaty 1 mil­liard 198 million bolan Hindistanyň ilaty 415,8 million artyp 1 milliard 613,8 milliona ýeter. Bu döwürde Päkistanyň 154,4 million, Nigeriýanyň 134,4, Efiopiýanyň 91, ABŞ-nyň 89,2, Kongo Demokratik Respublikasynyň 81,5, Hytaýyň ilaty 71,2 milliona çenli artar. Türkiýäniň ilaty bolsa 97,4 milliona ýeter. Hä­zirki wagtda Türkiýeden az ilaty bolan Kongo Demokratik Respublikasy Türkiýeden ozdu­rar, Türkiýeden has köp ilatly Germaniýa bol­sa yza galar. Köp ilatly ýurtlar bolan Ýaponiýanyň ilaty 25,5 million, Orsýetiň ilaty 24,8 million, Germaniýanyň ilaty 11,7 million azalar. 314,7 million ilaty bolan ABŞ-yň ilaty bolsa 89,2 million artmak bilen 403,9 milliona ýeter. Häzir ilat sany boýunça altynjy ýerde durýan Päkistanyň ilaty bolsa 335,2 milliona ýetmek bilen dördünji orna çykar. 154,7 million ilaty bolan Nigeriýa 2050-nji ýylda 289,1 millio­na ýeter. Şeýlelikde, ol sanawda bäşinji orunda ýerleşer. Afrikanyň ilaty iki milliarda ýeter Häzirki wagtda 6,8 milliarddan gowrak ilaty bolan dünýä ilatynyň 1 milliard 233,3 milliony ösen döwletlerde, 5 milliard 596,1 milliony ösüp barýan ýurtlarda ýaşa­ýar. 2050-nji ýylda 9 milliard 150 milliona ýetmegine garaşylýan dünýä ilatynyň 1 milliard 275,2 millionynyň ösen döwletlerde, 7 milliard 875 millionynyň bolsa ösüp barýan ýurtlarda ýaşamagyna garaşylýar. Häzirki wagtda bir milliarddan gowrak ilaty bolan Afrika ýurtlarynyň ilaty 2050-nji ýylda 1 milliard 998,5 milliona ýeter. Bu döwürde Arap ýurtlarynyň ilaty 352,2 milliondan 598,2 milliona ýeter. Aziýanyň ilaty 4 milliard 121,1 milliondan 5 milliard 231,5 milliona çykar. Ýewro­panyň ilaty 732,2 milliondan 691,1 milliona düşer. Ady agzalýan döwürde Latyn Amerikasy ýurtlarynyň ilaty 582,4 milliondan 729,2 milliona, Demirgazyk Amerika ýurtlarynyň ilaty bolsa 348,4 milliondan 448,5 milliona ýeter. Okeaniýada 35,4 mil­lion bolan ilat 51,3 milliona ýeter. 2005-2010-njy ýyllar aralygynda şäherleşme we ilatyň artyşy göz öňünde tutula­nynda, ösen döwletleriň ilatynyň artyşynyň pese gaçýandygy mälim bolýar. Bu dö­würde dünýäniň ilatynyň artyşy 1,2 göterim, ösen döwletlerde 0,3 göterim, ösüp barýan ýurtlarda bolsa 1,4 göterim bolar. 2005-2010-njy ýyllar aralygynda hem ilatyň artyşy iň köp Afrikada (2,3 göterim), iň pes ilat artyşy bolsa Ýewropada (0,1 göterim) bolar. Bu döwürde ilatyň artyşy Arap ýurtlarynda 2,1 göterim, Azi­ýada, Latyn Amerikasy ýurtlarynda 1,1 göterim, Demirgazyk Amerikada 1 göte­rim we Okeaniýada 1,3 bolar.

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir