Türkmenistanyň hökümeti ýurduň sosial-ykdysady ýagdaýyna syn edip, soňky 10 aýyň jemlerine baha berdi. 6-njy noýbarda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň gurluşyk pudagynyň ýagdaýyna-da garaldy. Hökümet maslahatynda ýurtda makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşiniň göze ilýänligi bellenildi. Wise-premýer T.Japarowyň sözlerine görä, 2009-njy ýylyň 9 aýynyň jemlerine laýyklykda, umumy içerki önümçiligiň ýokary derejesi üpjün edildi we ol 106%-den ybarat boldy. Ösüş görkezen pudaklaryň arasynda oba hojalygy, gurluşyk, transport, aragatnaşyk, söwda we hyzmatlar pudagy agzaldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende elektro-energiýa, mineral dökünler, käbir gurluşyk materiallary, dokma, derman, oba hojalygy önümçiliginde-de, şeýle-de bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalary bilen bile alnyp barylýan nebit-gaz önümçiliginde hem ösüşiň bolanlygy habar berildi. TDH gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanda maýa goýumlarynyň özleşdirilmeginiň mukdary hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki ýarym prosentden gowrak artypdyr. Daşary söwda dolanyşygy hem ösýär. Ilatyň durmuş derejesi göterilýär. Ýylyň 9 aýynyň dowamynda tutuş ýurt boýunça ortaça aýlyklar geçen ýylkysyndan 10,8% ösüpdir. Bu barada TDH-niň maglumatynda aýdyldy. Türkmenistan geljek ýyldan başlap, has ýokary ykdysady depginlere garaşýar. Bu barada ýurduň döwlet we hökümet baştutany G. Berdimuhamedow 6-njy noýbarda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy we ol öz sözlerini “öňünden döreýän obýektiw şertler hem muny tassyklaýan garaşsyz halkara guramalarynyň bahalary” bilen delillendirdi. TDH-niň maglumatyna görä, 6-njy noýbardaky hökümet maslahatynda ýurduň 2010-njy ýyl boýunça döwlet bujetini taýýarlamak işini tizleşdirmek tabşyrygy berlip, bujetiň sosial tarapynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir