Güljagazym kalbymda çalýan ajaýyp sazym sen, hak gudratym, özüm sen…Söýgi bar ýerinde umyt bar, wepa bar, sylag hormat bar diýleni…Söýginiň gönezligi wepada, söýginiň gözelligi wepada Söýgiň lezzeti syrly bakyşyňda, söýgiň ezýeti bolsa otly bakyş… Gülüm, gelgin meniň ýanyma her gün, Ýürekler küýseýär birek biregi, Umytly ýollarda ganatyň gergin, Eý bagtymyň guşy, ömrüm diregi. Mesgenim bar hol gerşinde gaýanyň, Daglar syrdaş boldy köňül yşgyma, Buýsanjym, umydym arzuw hyýalym, Bir pursat seýle gel söýgi köşgüne. Ýaşlyk-da, söýgi-de ötegçi bilýän, Barsy gursakda joş bolup galar, Bir ýanym guşlykdyr, öýledir beýläň, Dünýäde ähli zat düýş bolup galar. Her hal ýigrençden beýikdir söýgi, Duşuşyklar aýralykdan ezizdir. Bizi bir birege baglaýan duýgy, Öçüp gitmez, kalbymyzdan henizler. Seni han eýläýin yşgyň tagtyna, Saňa çemen bogaýyn güllerden serwim Ömürler şeýle bir bolar bagtyýar Yhlasynda soňlanmajak bu söýgim… Ynan ömrüm boýu gözledim seni gülüm, hemra bolup gökde uçan guşlara, jöwza ýalynlara dözmedim seni, dözmedim gaýlara, tupan gyşlara… Gündiz günden, gije aýdan soradym, säherler soradym ötegçi ýelden… Wah janym nirde sen diýip ýalbardym çar ýanlara…Bu gün bolsa ýyllar geçip aradan, özüň meniň taýa dolanyp geldiň… Ýogsa geleniňi ýürekden isleýän…Saňa köp zatlar aýdasym gelýär…Bir pursat seredip gara gözleriňe, bu ömri bakydyr diýesim gelýär… Emma ýene dönýär ýowuz hakykata… Seni uzakda… Uzakda bolanyň hiç, sen başga biri bilen… Diňe ol hakda piker etmegiň hem meni däli mejnun edýär… Sen başganyň ýary… Kalbym syzlaýar… Döndiresim gelýär seni, ol ajaýyp günleri… Geçmiş nähili bagtly ýer… Biz geçmişimizi näletleýäs, öňe diňe öňe ymtylýas… Ýone nämä gerek… Öli ruh bilen gezmek, kalb urmasa sensiz… Unutmasa hijem seni güljagazym… Ýaşamak gerek diýip ýaşadyp bormy özüňi, ymtylsaňda ýakynlaryň üçin ýaşamaga… Eger çökse göwün, eger gülki diňe ajy ýylgyryş bolsa, şähel zada gaharlanyp göwünlere degse iň ýakynlaryňa… Öz halyňa öz häsiýetiňe ýigrenç bilen seretseň, emma şonda-da seni unudyp bilmesem, neýläýin janym… Ýazgarma meni, bilýän düşünýäň halyma, bilýän ýürekden syzlaýaň senem, eliňde bolsa ýetjekdigiňe ymtyljakdygyňa söýgiňe…Ine ýene bir gün geçýär… Geçýär edil adaty ýaly… Biz bu dünýä beýle boş geçirmek üçin gelmedik ahyry ahbetin, emma ne eller galýar, ne-de ýürek diňýär joşup möwç urmasyndan… Sözler hijem kömek etmeýär. Bilýäňmi men seniň mylaýym gülşiňi küýsedim, ol kemşijek lebleriňi gara gözleriňi hem-de nazik sesiňe perwana… P.S. Güljagazym men seni şeýle küýsedim, dön yzyňa…

Köneler, imperator tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir