wekilleri bilen bu dogrusynda maslahat etdiler. Maslahatdan soňra žurnalistlere maglumat beren Baradei şeýle diýdi: «Meseläniň çözülmegi üçin deňagramly ylalaşyga ýetmek hakynda bir taslamany hödürledim». Ol bu taslamanyň maslahat edilmegi üçin onuň Tährana we gepleşiklere gatnaşan wekilleriň ýurtlaryna iberilendigini-de sözüne goşdy: «Muňa jogap bermek üçin soňky möhlet hökmünde 23-nji oktýabr bellenildi, men taraplaryň oňyn jogap bermegine garaşýaryn, eger-de biz jogap alyp bilsek, ylalaşyk gazanylar diýip, umyt edýärin.» diýip, Baradei sözüniň üstüni ýetirdi. Gowy baha berildi Hödürlenen bu teklip makullansa, ýadro krizisiniň çözülmegi üçin gepleşikler ýola goýulmaly diýen Baradei üç günüň dowamynda Wenadaky gepleşiklere gatnaşanlaryň özlerini alyp baryşlaryna-da gowy baha berdi: «Maslahata gatnaşanlaryň her biri problemanyň çözülmegine kömek bermäge synanyşdy, olar geçmişe däl-de, geljege seretdiler, her kim ýyllar boýy dowam edip gelýän ýarany bejermäge synanyşdy» diýip, Baradei mälim etdi. Ylalaşyk üçin hödürlenen taslamanyň käbir jikme-jigi mälim edildi. Şol esasda şu ýylyň ahyryna çenli Tähranyň reaktoryna gerek boljak pes derejede baýlaşdyrylan uranyň 75%-ni daşary ýurtdan almaly edilýär. Eýran ýurduň içinde urany baýlaşdyrsa, ondan ýadro ýarag edinmek howpy bar, bu barada Günbatar öz gaýgy-aladasyny beýan edip gelýär. Eýrana uran iberip biljek döwletiň Orsýetdigini aýdýarlar, öndüriljek pes derejde baýlaşdyrylan urandan ýadro ýaragyny edinmek üçin peýdalanyp bolmaýar. Eýrana uranyň daşardan getirilmegi taraplaryň arasynda ynamyň döremegi üçin ähmiýetli diýip, Baradei nygtady. Eýranyň Halkara Ýadro Energiýa Agentligindäki ilçisi Ali Asghar Soltaniýeh gepleşikleriň jikme-jiginiň 23-nji oktýabrda aýan ediljegini žurnalistlere mälim etdi.

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir