1994-nji ýyldan bäri Orsýetiň paýtagtynda her ýyl geçirilýän bu medeni çäre bu ýyl, Şwesiýanyň meşhur awtomobil kompaniýasy “Volvo” bilen hyzmatdaşlykda "Volvo-Moda hepdeligi" ady bilen geçirilýär. 15-njy ýyl dönümini belleýän Orsýetiň moda industriýasy üçin möhüm waka hasaplanylýan bu moda dabarasynda ozalky ýyllarda dünýäniň “Wersaçi”, “Riberto Kawalli”, “Nina Riççi”, “Trussardi”, şeýle-de Orsyýetiň “Walentin Ýudaşklin” ýaly iň meşhur Moda öýleriniň kolleksiýalary görkezilipdi. Moda hepdeliginiň guramaçysy “Artes Media” PR agentliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan maglumatyna görä, bu ýyl Moskwanyň “Gostinyý Dwor” kompleksinde geçirilýän çäräniň dowamynda Orsýetiň meşhur we ýaş dizaýnerleriniň işleri köpçüligiň dykgatyna hödürlener. “Volvo-Moda hepdeliginiň” çäginde Fransiýaly, Skandinawiýaly we Polşaly, şeýle-de Litwaly we türkmenistanly modelýerleriň hem kolleksiýalarynyň görkeziljegi maglumatda aýratyn nygtaldy. Wepa Söýün we Gülälek Annasähedowa Türkmenistandan oňa dizaýner Gülälek Annsähedowanyň gatnaşjagy habar berlipdi. 22-nji oktýabrda Wepa Söýün öz işlerini görkezdi we 24-nji oktýbarda bolsa Gülälek Annasähedowanyň öz işlerini görkezmegine garaşylýar. Gülälek Annasähedowa keteni bilen işleýär. Onuň Moskwadaky Moda hepdeliginde görkeziljek “Ýüpek Ýoly” kolleksiýasynda türkmen däp-dessurlarynyň we milli geýimleriniň döwrüň dizaýn garaýyşlary bilen utgaşýanlygy ”Volvo-Moda hepdeliginde” köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradylan maglumatlaryň Gülälek Annasähedowa degişli böleginde bellenilýär. Türkmenistanly modelçiler Moskwanyň ”Moda hepdeligine” ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir