Gözleriňde gark bolaýyn -bolÝarmy? Sebäp seniň gözleriňde gark bolmak bagt ahbetin… ýanyňa gelip aýdaryn `Salam`… Seni söýýän has güýçli –kynmy?Ýok kyn däl, agyr… Örän agyr söýmek, ynanýaňmy? Çürt gaýa baryp, gaçaryn men dik aşak, tutarsyňmy, ýetişersiňmi? Eger gitsem ýazarsyňmy maňa…Ýöne agyr düşýär maňa sensiz…Men sen bilen bolasym gelýär eşidýäňmi? Minut däl, aýlar däl, hemişelik…Hemişelik- ömürbaky düşünýäňmi? Diýmek bile elmydam, isleýäňmi? Jogapdan gorkýan, bilýäňmi? Sen jogap ber, ýöne sessiz…Sen gözleriň bilen aýt-söýýänmi? Eger "howwa" bolsa men saňa söz berýän,Sen iň bagtly adam bolarsyň…Eger "Ýok" diýseň, men senden ýalbarýan,Öz bakyşyň bilen meni kowma, gerek däl…Öz bakyşyň bilen çekme jylawyny…Belki başgany söýýänsiň, bolýar…Ýöne meni azajyk bolsa-da ýadyňa sal…Men seni söýerin, mümkinmi? Hat-da eger hakym bolmasa-da söýerin…We hemişe gelerin saňa kömege….Eger saňa kyn bolsa birden, her sapar her ýerde… -Saňa söýgimi bereýinmi? -Ber -Ol hapa -Hapalygyna ber -Men pal atdyrjak -Atdyr -Ýene-de sorasym gelýär -Sora -Men kaksam gapyny... -Salaryn... -Çagyrsam... -Gelerin -Eger ol ýerde betbagtçylyk bolsa -Ol tarapa giderin - Eger aldasam? - Bagyşlaryn - "Aýdym aýt" diýsem - Aýdaryn - Dostuňa gapyny Ýap diýsem - Ýaparyn - Saňa "Öldür" diýsem - Öldürerin - "Öl" diýsem? - Ölerin - Düwnüksem - Kömek ederin - Eger agyry bolsa - Jydaryn - eger diwar bolsa - Ýumraryn - Eger bag bolsa - Üzerin - Eger ýüz sany bolsa - ÝÜzsinem - Söýgini saňa bermelimi? - Söýgini - Bu bolup bilmez - Sebap näme? - Sebäp diýseň, söýmeýärin gullary… diýersiň maňa güljagazym Ýöne söýýärdiň meni bilýärdim. Şol pursatdan bäri goldaýardyň syzýardym ony. Hakykaty görmegi ajy bolsa-da jydamagy görkezipdiň maňa… Bagtly bolmagyň bagtyny duýdurypdyň maňa. Hemme şüphelerime garamazdan maňa ynandyň… Meniň arzuwlarymyň hasyl bolamgyna täsir etdiň…Sen meniň güýjimdiň ejizledigim pursat… Sen meniň sesimdiň sesziz jeňňellerde, sen meniň gözlerimdiň alagaraňky gijelerde…Sen mende başgalaryň görüp bilemýän hemme ajaýyplyklary görüp bildiň…Dyza çöken pursatym uzattdyň eliňi… Sen maňa ynanjymy ýitiremde ynanmagy öwretdiň beýik gudratla…Sen maňa ganat berdiň al asmana uçup ýaýnamaga… Sen maňa näzik eliňi bereňde menden bagtly adam bolmady…Sen maňa her ýyldyza ymtylsaň ýürek bilen ýetilmejek zat ýokdygyny öwretdiň…Men başymy dik tutdym ileri seredip, sebäbi bilýardim sen meniň bile geçýaň durmuş ýollary…Pessaýja şemal meni ýene säňa tarap öwürýär… Bu dünýä seniň barlygyň üçin maňa jennet boldy…Ynan gülüm men sensiz ýaşap bilmeýän…Dön yza…

Köneler, imperator tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir