Her biradam üçin bu durmuşyñ many-mazmunynyñ möhüm bir ugry öz ukyp-başarnygyña görä, il-halkyña, Watanyña peýda getirjek ajaýyp bir hünär saýlamak hem-de şol saýlap alan hünäriñde döredijilik üstünlikleri bilen hormat gazanmak bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyzy hünärlere ugrukdyrmak, olaryñ zehin-başarnyklaryna görä, hünär saýlap almaklaryna ähli zerur şertleri döretmeklik döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryñ birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz: “Ŷaşlykda bilim almak, hünär öwrenmek gurujy we dörediji halkymyzyñ köp müñýyllyklaryñ dowamynda berk eýerip gelen durmuş ýörelgesidir”diýip belleýär hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmeklige mynasyp goşantlaryny goşmaga ukyply, giñ dünýägaraýyşly, kämil nesilleri, işine ezber hünärmenleri taýýarlamaklyga, bu işleri durmuşa geçirmekde möhüm pudak bolan ýurdumyzyñ bilim ulgamyny düýpgöter kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär.
Daşoguz şäherinde bolup geçen Türkmenistanyñ nobatdaky Ŷaşulular maslahatynda eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: „Bilim ulgamynda başlanan özgertmeleri dowam etmek möhüm wezipeleriñ biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda halkara derejeli uniwersitetleriñ işini goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan giñ mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, ýokary okuw mekdepleriniñ we olaryñ okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmegiñ öñdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek boýunça geçirilýän işlere döredijilikli garamaly“ diýip, bu ugra aýratyn üns berýändigini nygtady. Mundan köp wagt geçmänkä bolsa, Gahryman Arkadagymyzyñ Permany esasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti döredildi. Täze döredilen bu halkara uniwersitetde okuwlaryñ esasan, iñlis dilinde alnyp barylmagy hem-de taýyarlanylýan hünärmenleriñ halkara ülñülerine laýyk derejede bilim-hünär almaklary bir tarapdan döwletimiziñ halkara derejede abraý-mertebesini beýgeltse, ikinji bir tarapdan, döwletimiziñ ösüşlerini ýokary göterjek, dünýä tejribesi esasynda hünär bilimini alan, kämil hünärmenleriñ täze tapgyryny kemala getirmäge ýardam eder.
Dünýä tejribesiniñ subut edişi ýaly, bilim ulgamynyň esasy wezipesi ýaşlary durmuşa taýýarlamak bolup durýar hem-de halkymyzyň geljegi üçin zähmet çekmäge ukyply, ruhubelent we sagdyn, gujurly we başarjaň adamlary kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Umumy orta bilim berýän mekdeplerde esaslandyrylan okuw hünär otaglarynyñ hem ýaşlary hünäre ugrukdyryjy täsiri juda uly. Zähmet okuw otaglarynda okuwçy gyzlar üçin ýaş aýratynlygyna laýyklykda, dokmaçylygy, tikinçiligi öwrenmäge, oglanlar üçin bolsa ussaçylygyñ dürli görnüşleriniñ başlangyç tilsimlerini ele almaklaryna mümkinçilikler döredilýär. Bulardan başga-da, önümçiligiň dürli ugurlaryna guralýan okuw sapaklary, zähmet ussatlary bilen geçirilýän duşuşyklar, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary baradaky söhbetdeşlikler hem ýaşlaryñ hünäre höwesini ösdürmekde, hünär saýlap almakda maksadyny aýdyñlaşdyrmakda oñyn täsirini ýetirýär. Berkarar döwletiñ bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallalary bilen ýokary okuw mekdepleriniñ we orta hünär okuw mekdepleriniñ sany barha artýar. Olarda ýurdumyzyñ nebit-gaz senagaty ulgamynda, gurluşykda we binagärlikde, syýahatçylykda, agrosenagat toplumlarynda, demir ýol we howa ýollary ulgamynda, deñiz we derýa ulaglary ulgamyýaly ençeme ugurlarda zahmet çekjek ýörite hünärmenler taýyarlanylýar. Bu bolsa ýaşlara hünär saýlamakda uly ýardam edýär we Türkmenistanyñ ykdysadyýetiniñ diwersifikasiýalaşdyrmak esasynda ýokary derejedäki ösüşlerinde örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziñ ýaşlarymyzyñ bagtyýar geljegi hakynda uly aladasynyñ netijesinde ýurdumyzyñ orta mekdeplerinde on iki ýyllyk umumy bilime geçildi. 2013-2014-nji okuw ýylynyñ 1-nji sentýabryndan başlap, 6 ýaşly çagalar mekdebe kabul edilip, ilkinjii gezek mekdebe gadam basýan alty we ýedi ýaşly çagalara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kompýuterler sowgat berildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyñ çagalarymyzyñ dünýä ülñülerine laýyklykda bilimli-hünärli, Türkmenistan döwletimizi hemmetaraplaýyn gülledip-ösdürjek adamlar bolup ýetişmekleri barada çäksiz uly aladalaryny görkezýär. Okuw maksatnamalaryna Türkmenistanyñ medeni mirasy, ekologiýa, ykdysadyýetiñ esaslary, dünýä medeniýeti, özüñi alyp barmagyñ medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, modelirleme we grafika ýaly täze dersler girizildi. Bu ösüşleriň añyrsynda duran Gahryman Arkadagymyzyñ: „Döwletimiz ýaş nesliñ kämil ylym-bilim, edep-terbiýe alyp, ýurdumyza, halkymyza hyzmat etmegi üçin ähli şertleri döredýär“ diýip aýdanlarynyñ iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagynyñ aýdyñ mysaly bar. Şeýle ajaýyp zamanada Gahryman Arkadagymyzyñ ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly tutumly işleriñ amala aşyrylmagy, bu işleriñ esasynda bolsa ýaşlarymyzyñ bagtyýar geljegi hakynda aladanyñ möhüm orun eýelemegi uludan-kiçä ähli halkymyzyñ buýsançly başyny göge ýetirýär.

Täzelikler, abatturkmen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir