Salam janym. Söýgiň derdiňden ukysyz gijeleň ýene biri geçdi. Gök gübürdeýä. Meň duýgularymy bilýän ýaly. Bilýäňmi ezizim şu günleriň çaltrak geçmegini dileýän. Seň owadaja ýüziňe seretmek, mährem sesiňi eşitmek. Bileje gülleri sanardyk seň bilen. Ýapraklary goparyp söýýä-söýenok oýnardyk. Hatda şol güllerem ýalan sözlemek islemeýän ýaly hemme wagt täk ýagny söýýä çykýady. Gülim seni göresim gelýä. Wah kalbym seniň soňky aýdan sözleriň men aşyk ýigidi däliretdi. Şol men seni söýýän diýşiň asyrlardyr gulakdan çykmajak ses ýaly bolup ýaňlanyp dur. Ol indi meň kalbymyň sesi boldy. Her gün agşam şol sesi diňläp ýatýan. Seňem meň hasratym bilen ýanýandygyňy bilýän. Ýöne nätjek bagtym başa iş düşende hasratam gerek. Söýgiň beýle agyr dertdigini men derk edip bilmändim. Şu bulutlaň asmandan aýrylyşy, asmanyň açylyşy ýaly açylsady käşgä kalbym. Bulutlar açylsa seniň al ýaňaklaryňy, gara gaşlaryňy, peýkam gözleriňi göräýjek ýaly bolup durn mawy asmanda. Ýöne gorkýan janym. Bahar gelende bägülleriň açylyp günüň ýakýan şöhlesinde eräp gidişi ýaly biziň söýgümiziň hem şeýle tiz gutarmagyndan gorkýan. Men bu söýgi bilen ebediýete, soňsuzluga gidesim gelýä. Ýar seniň ýumşajyk elleriňi tutsadym, balkyldap duran gözleriňden söýgi oduny alsadym...Ýene seň suratyň bilen. Bilýäňmi meň iň gowy syrdaşym şol suratlaryň boldy. Içim gyssa ähli dertlerimi gürrüň berýän. Hamala sen meni diňläp göwünlik berýän ýaly. Hakyky durmuşda bolmasada hyýalymda seň bilen gezýän, oýnaýan şadyýan çagajyklar ýaly, iň halaýan hekaýalarymy gürrüň berýän.Bilýän yşk derdinden däli bolanymy. Seret ýagyş ýagyp başlady. Olar gözýaşlaryna meňzeýäler. Söýýän ýüregiň, hasratdan dolan ýüregiň gözýaşlary. Aglama gülim aglama. Sen aglasaň meň söýgiden dolan ýüregim agyrýa. Duýýan seň aglaýanyňy. Hatda seret şu gün irden seni ýatlap telefony aldym welin jaň geldi. Ol jaň meniň ýarymdan gelýädi. Ezizim seniň mylaýym sesiň magşuk oglanyň ýüregine suw serpýä. Dünýälere sygyp bilemmok.Indi seret ezizim bu gün men örän bagtly. Sebäbi seniň janym diýýän sesiňi eşitdim. Gülim men seni söýýän.

Köneler, tmheart tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir