Salam hormatly agzalar we myhmanlar! :) synaglarymam tabshyrdym. Indi öz shäherime geldim. Soñky synagym gaty täsirli boldy. Hünär dersi boýunça professor synag alýardy. Soraglar o diýen bir kyn bolmasa-da, synagyñ soñky soragy meni düýbünden aljyratdy we gaharymy getirdi. Beýle soragyñ jogaby kimiñ ýadyna düshjek?! "her gün okuw otaglaryny arassalaýan tam süpüriji aýalyñ ady näme?". hawa, men ol garry daýza bilen her gün diýen ýaly gabatlashýardym. Emma onuñ adyny bilmän, professordan gaty gördüm. Degishjek bolýamyka, prikol tutýarmyka diýdim. Bu soragyñ biziñ ders meýilnamamyzda ýokduguny aýdyp, nägilelik bildirdim. Shonda professor: "siz geljekki zähmet ýoluñyzda ençeme adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyñyz. Olaryñ ählisi hem bir-birinden tapawutlydyr. Emma siz her gün salamlashyp geçýän adamlaryñyza hem üns bermegi basharsañyz, onda hakyky üstünlige ýetip bilersiñiz" diýdi. Bu bolsa iñ wajyp durmush sapaklarynyñ biri boldy.

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir