magtymguly pyragy gözlermiziň çyragy 1733-1783 80 ýaşatmaklaryna garamazdan bir goşgusynda beýle däldigini ýaňzydýar. siz nähili pikirde BAŞ BOLMAŇ Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler, Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň! Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz, Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň! Deňňene eýleme, salyşma kylmaň, Arassa söwda et, çalyşma kylmaň, Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň, Menden zynhar, iliň bilen kaş bolmaň! Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil, Burunkydan galan: “Kepiller sepil”, Men aýdaýyn, diňlemeseň, özüň bil, Aýaklaşma edenlerge baş bolmaň! Nesihat diňleseň, ärniň äri sen, Almasaň nesihat, köpüň biri sen, Artyk salgydyny öziň tölir sen, Agzy ala kowumlara baş bolmaň! Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar, Biwagt ýörgen melamata çoh galar, Ömrüň boýy ýyganaganyň yok bolar, Haram söýen ýigitlere baş bolmaň! Hergiz ýaman bilen birge ýöremäňler, Oýnaýyp güliban, bile barmaňlar, Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler, Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň! Magtymguly, köp söwdaly başyň bar, Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar, Özüňi bil, özge le ne işiň bar, Bahabar ýör, hak ýadyndan daş bolmaň!

Köneler, dokmacy tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir