aslynda shunga mengzesh bir tema achylypdy. men ol yere jogap hokmunde hem yazyp bilerdim. yone tazesini achanymy gowy gordim. meni bianjalyk edyan, gynandyryan zatlaryng biri hem ayal mashgalanynyng ishlemesine garshy bolup korzehin pikir edyanlering barlygy. bular birlan-ikilan bolsa owarram diysek bolar. yone sheyle yzagalak pikir edyanler gynansak-da koplugi bilen agdyklyk edyar.(name ayal mashgala ishlani bilen, ya-da onyng adamsy ishledeni bilen, ayal-a namyssyz, arem bigayrat bolanok. gozlerining kokuni gyryp keshde edip, bazarda guning ashagynda enelik ruhyny solduryp, chagalaryny eklejek bolyarlar. biz name uchin olarayn bilim alyp, oz zehini bilen chorek iymesining garshysyna chykyas!? name uchin!? munga garshy chykyanyng ozleri bigayrat. eger ol ayal-mashgala jemgyyeting osushine goshant goshyan bolsa,adamzada hyzmat edyan bolsa ony name uchin oyung torunde oturtjak?! ''ayal mashgala toring bezegi'' diylen dowir gechdi. has dogrusy mowruti otdi. indi gelin-gyzlar turkmen jemgyyetining, ylymda, bilimde, senagatda, sungatda..., oz goshantlaryny goshmaly. gerek wagty oz haklaryny talap etmeli. okamaly, gozyetimlerini gingeltmeli, bulara-da shert doretmeli. eger biz olaryng eyranlylara, turklere, oz namyslaryny satmazlygyny isleyan bolsak turkmen erkekleri hokmunde arkalarynda durmaly. biz shu wagtky jemggyetimiz bolup, esasy hem wajyp meselani chozip bilemizok. chozmek angyrda dursyn, bu ugurda pikir etmekden gechen, turkmening bu keselini has koneldyas, chunglashdyryas. turkmen gyzlaryny okadalyng, ylymly bolmasyny islaling, ong gyrnak edilenini az goryan yaly yene-de olaryng korzehin. sowatsyz bolmagyna garshy goresheling, olar hem bize il-gun diyip uryan yurekli, merdana, bilimden hem ylymdan yuki yetik chagalary dunya indirsinler, terbiyelesinler, yetishdirsenler. sheylelikde agsak jemgyyetimizi ayaga galdyralyng! bellik: yazgyda, duyga, emotsiya orun berileni uchin gownungize almang!

Köneler, Dagarman tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir