bu mowzuk bond dostumyzyn sonky yazan yazgysyna bir teswirleme beripdim we chay bilen baglanyshykly bir mowzuk achjakdygymy aydypdym. shonun uchin yazylyar... Chaya chakylyk Dostlarym, men sizi chaya chagyryan, Mahal-mahal pikir alyshmak uchin. Wagt tapaymak bolar ahyr kayarym, Yone bir gurleship-gulushmek uchin. Bu zamanda ishi yetik her kimin, Ish-alada bilen gechip dur gunler. Emma kate chay bashynda oturyp, Ich dokmegi arzuw edyar gowunler. Ish-ish welin, chaga-chugalaram bar, Guwanjy bar, gynanjy bar her oyun, Garrylan yanyna salama gelip, Kayarym bir “Taplar nichikdir?!” diyin. Dostlarym, men sizi chaya chagyryan, Sizin guler yuzunize matach men, Dana gurrunlerin gadyryn bilyan, Parasatly sozunize matach men. Kinani yazalyn kineli bolsak, Adam bar yerinde gowun-garyn bar, Dostlarym, men sizi chaya chagyryan, Torumde siz uchin mydam orun bar. (Berdinazar Hudaynazarow, Saylanan eserler-1)

Köneler, hoshowaz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir