27.03.04. 6(yagny 6.gun) 0:16. Bugunun bashlanyna 16 minut bolupdyr. Aslynda sagat 12 ya-da 24 bolmanka yatjakdym. Yone birzat kellame geldi. Name zatmy?!. Dinle aydayyn dal-de oka yazayyn! Haysy-da bolsa bir kitapda soygi hakynda birzatlar okapdym. Shol zady haysy kitapda okanymy bilemok. Shony kitapda okanymy tapjak bolup oturshyma wagt hem ep-esli bolmasa-da ep-eslin yarysy bolupdyr. Pikir edyan-de “Ruhumda Darp Iz Var” diyen kitapdamyka. Ay onda-da dalmika diyyarin. Sebabi soygi hakynda okan zadym bir roman kitabydy. Yone bu kitap roman dalmika diyyarin. Ay bolyar onda tapan wagtym yazaryn. Hazir yatmaly. Sagat hem 0:23. 29.03.04. 1 23:20. Haysy kitapdadygyny hazir hem tapamok. Yone “Ruhumda Darp Izi Var” diyen kitapda daldigini anyk bilyarin. Yone shu kitapda bolmagy gaty ahtimal: “Sular Durulursa”. Ona hem seredip gorerin. Bolsa shol haty shu depdercha/gundelige yazmakchy. Name uchin ozun pikir yoredip yazanok diyen sowal yuze chykmagy mumkin. Ona sheyle jogap bermekchi: Kabir adamlar name pikir edyanini yazga gechirip bilmeyarler. Kabirleri bolsa tersine; Yaz diysen yazyarlar emma, geple diysen bolmayar olara. Geple diysen duran yeridir. Men hem birinji yazylan harakterdaki adamlardan. Kabirleri menin duygy-dushunjami, pikirlerimi oz eserlerinde terjime edipdirler. Olaryn setirleri menin duygy-dushunjamin terjimesi. Shu wagta chenli oz okan kitaplarymyn arasynda menin shahsy durmushyma gabat gelyan kitap shu: “Shimdi Aglamak Vakti”. Ozum okap hayranlar galdym. Sheyle gowy roman ekeni. Size-de maslahatym: OKAN! Okayan adam piker yoredip bilyandir. Okayan adam kyn hem bolsa daga chyrmashyandyr. Yuwash-yuwash hem bolsa… Okayan adamyn uly-uly maksatlary bolyandyr. Shol maksadyna yetmek uchin kelle dowyandir. Kellesinde shu gunun ya-da ertirin plan we programmasy yokdyr. Bir ay sonran, bir yyl sonran, iki yyl sonran, yigrimi yyl sonran programmasy bardyr. Bir yyl sonar men nahili adam bolmaly, nirede bolsam gowy bolar ya-da nirede bolsam yaman bolar diyen dushunjelerin yzynda ylgayandyr. Okayan adamlar yashamagyn gadyr-gymmatyny bilyan adamlardyr. Okayan adamlar bashgalary uchin yashayanlardyr. Yagny yashatmak uchin yashyanlardyr. Iydirmek uchin iyyanlerdir. Geydirmek uchin geyyanlerdir… Olar ozlerini halky uchin, nesli uchin pida edyanlerdir. Gaygy-aladasy sholardyr. Kabirininki(kopchiliginki yaly) pulun yzynda, shan-shohradyn yzynda, derejelerin yzynda, guyjun yzynda ylgayanlar yaly daldir. Olar yash nesillerin ilerde gul bolup achylanyny gormek isleyandir. Yone shulary-da unudyan daldirler: “Guli soyyan, dikenine doz geler”. Belki olar gormez gullerin achylanyny. Dine bulutlar yaly yagmyr gozyashyny dokup giderler. Yagmyrdan son howan tazelenmegi, yeryuzunin taze lybas geymegi, guneshin yaldyrap durmagy yaly zatlary gormezler. Yone butin bulara sebap bolan yagmyr bulutlary yaly, yzlarynda ter-taze, ahlagyn yokary derejelerine eye bolan nesiller galdyrarlar. Gullerin yetishmesi uchin kabirinin ayaklar astynda depelenyan toprak bolmagy gerek. Kabirinin gulun janlylygyny saklamasy uchin yerden chykyan suw ya-da gokden inyan suw bolmagy gerek. Ynha bu adamlar shol zatlara doz gelip biljek we shol zatlar bolmaga razy adamlardyr.

Köneler, hoshowaz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir