..uzyn kitabyň uzynlygy 40 metrden geçýär. Ol Britaniýa muzeýindäki kitaphanada saklanylýar. Düýrlenýän kitaplaryň nusgalaryny Moskwada A.S.Puşkin adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýindede görmek bolýar.
* * *
…uly kitap Britaniýa parla­men­ti­niň 1800–1900-nji ýyllardaky işleriniň we resminamalaryň ýygyndysydyr. Ol neşir 1,2 müň jiltden ybarat bolup, umumy agramy 31 tonna ýetýär. Onuň sahypalary üçin 34 geçiniň derisi
sarp edilipdir.
* * *
…agyr kitap Birma döwletiniň Maladaý şäherindäki kitapdyr. Onda 730 sahypa bolup, hersiniň agramy 2 tonna barabardyr. Bu kitap 5 gektar meýdanda ýerleş ýär. Ony 100 sany daşçy ussa 9 ýylda ýazyp gutarypdyr.
* * *
…äpet kitaby okap çykmak üçin bir adamyň ömri-de ýeterlik bolmasa gerek. Gürrüň 1556–1956-njy ýy­la çenli edebiýatlaryň katalogy barada barýar. Katalog 754 jiltden ybarat bolup, olaryň her biri 527 sahypadan durýar. Onuň
umumy agramy 2,5 tonna bolup, ony düzmek üçin tutuş bir topar 15 ýyl iş edinipdir.
* * *
…kiçi kitap Ýaponiýanyň çaphanasynda çap edilipdir. Onuň galyňlygy 1 millimetr bolup, ini 2,8 millimetre, boýy bolsa 2,8 millimetre barabardyr. Bu kitabyň jemi 24 sahypasy bolup, onda 100 sany goşgy ýerleşdirilipdir.
* * *
…uly atlas diýlip, Londonda döredilen atlas hasaplanýar. Onuň ilkinji görkezilişi Britan kitaphanasynda geçirildi. Şol dabarada bolsa, ony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizdiler. Bu atlasyň uzynlygy 1,854 metr, ini 1,45 metre, agramy bolsa
200 kilograma barabardyr. Iň uly hasaplanýan atlas Awstraliýanyň «Millennium House» atly neşirýat gullugynda çap edilipdir. Ol 61 sahypadan ybarat bolup, özünde hemra we beýleki enjamlar arkaly düşürilen suratlary jemleýär. Onuň göwrüminiň uly bolmagy beýleki kartalarda görünmeýän ýerleri kynçylyksyz görmäge ýardam berýär.
Çeşme: Aşgabat gazeti, 19.02.2019, http://metbugat.gov.tm/newspaper?id=157

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir