bizi bagyshla mahriban turkmen uyam! seni bu girdaba sokanlary uchin biz gunakardiris... elden, dilden, goldan komek gelmedi... bagry giryan jan uyam! bu gun eling chagalyja kocha chykyp, el seren wagtyng sening golungdan tutyp bilmedik. bazaryng marekeli gunudi. dogrusy bazaryng marekesiz wagty hem yok welin... ol gun uytgeshik gundi. men seni elingdaki 6 aylyjak chagang bilen gorupdim. tomusyng depangi deship baryan yssysynda, indi birnache yyl bari osup oturan tut agjynyng sayasynda otyrdyng. egnikngdaki jirden dikilen koyneging yer supuryardi. sachyng bolsa dangynan horashaja yaglygyng hemme gapdalyndan chykyp durdy. garaort yuzing nayynjardy, boynung bukukdi, elingdaki chagang bolsa geljeging betbagtlygyndan bihabar meymirap yatyrdy. sening gozungde turkmen gelnini bezeyan mertlik yokdy.aslynda mert bolmaly namartka, seni gunakerlemek chetin... gelen-gechenem sening yuzunge seredip gechse, kabiri ongungde duran gapyrjagynga shayjagaz oklap gecher giderdiler. olaryng kabiri sening yaly enelering kopduginden zeyrense, bashgalary ''huday tutan'' diyip gecherdiler. bu janly kartinany synlap oturshyma ulydan demimi alyp, elim bilen derli manglayymy syryp, seni synlap oturan yerimden uzaklashdym. yolda tanysh dost oglanym dushdy.men onga ayakda durman, bir yerde oturyp gumur-yamyr etmegi maslahat berdim. iki bolup tirkeship bir chayhana girip, bir chaynek gok chay alyp hal-ahwal sorashdyk. songam songky dowur kopelyan gedaychylyk, ten satma, neshekeshlik hakynda gurringe bashladyk. dost oglan: -yene bashladyngmay, elimizden gelyan zat yok ahyryn. menem gynanyan, han-ha agam indi 5 ay bari ishsiz yatyr. dulunda bir dowum chorek yok.oz derdim barka iling derdi ne derkar, diyip gok chayly kasesinden owurtlamaga otyrdy. gullenen chayenege seredip oturshyma, gashymy galdyryp: -hawa seng aydyanyngam jany yok dal. yone sening shol il diyyaning, biz-da... dost oglanym burugsadyp, gashyny chytyp, ichine sorup otyran chilimini goyup: -seret gardash! seng diyyan zatlaryng bolmaz. taryh boyuncha bashymyz gowgaly bolupdyr. indem sheyle... -umytdan dushmek bolmaz ahyryn. bizem bu ili sheyle goyup gitsek, gelejek nesil ha?! olaram bizing chagalarymyz. oz elimiz bilen olary oda iteklemek bolmaz-a diyip, mening diyyan zatlarymy goldamak isleyan yaly gozune seretdim. yone dost oglanym yuzuni ashak salyp esli wagt dymyp otyrdy. songam: -berlen jan-a amanat. nache gun beydip yashamak bor?! diyip, yumrugyny duwup gazaplandy. -payhaslyrak bol,gardash!gahar bir ish bitirmez.hemmesi yuwash-yuwash. bize sen yaly mertler gerek, senem yuzungi sallasang bolarmy hany ayt?!

Köneler, Dagarman tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir