o wagtlar men ''bazaryng ogludym''. beyleki chagalar yaly chorek pulymy gazanyardym. gunde goryan zatlarymyz, ishden gelyan, ishe baryan, ishsiz aylanyp yoren adamlary, yuzu salyk, adamzat hakynda pikir etmegi duybunden yitiren... ''gyzgynjak chorek bar'' diyip, aylanyp yoren garryjy eneleri... menem tomus diyman, gysh diyman, ayagym ''dermantin'' kowushlije, shorluja elim bilen gelene-gechen zat hodurleyardim. shol aralykda hem adamlaryng yuzune seredip bir many chykarmaga chalyshyardym. bar kuyum kujum hem ''adamlar name uchin meng zadymy almayarka'' diyip unja batyardym. chaga duygularymy guyzing kawagt tupan turuzyp kagyzdyr, zir-zibilleri asmana goteryan yeli, ozi bilen alyp giden bolsa natjek. garaz o wagtlar men yaly chagajyklar bazarda kopdi. hemmesi hem shadyyandy. bolyan zatlara angy yetmansong, bolushy yaly kabul edyardiler. her gun bazardan yadap gelyan, gyngajy bir yana agan, essi ayylan ejemi garshylardym. hem gulup ''eje bu gun nache gazandyng, zatlaryngy satyp bildingmi?'' diyip, onyng derdini yengletmek isleyardim. men o wagtlar durmushyng beyle zalymdygy hakynda jinnik yaly hem zat bilmezdim. tebigatyng kanunlary isledigingche yashamaga el bermeyandigi hakynda chaga beyni nireden bilsin?! meger shindem agsak hem agsadylan jemgyyeting ogly hokmunde, ol jemgyyeti ayagyny seyiklemek dinge bizing gerdenimize dushyar. beylekiler kine etmesinem.

Köneler, Dagarman tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir