Hormatly talyplar! Internet dünýäsiniñ iñ üstünlikli gözleg saýty bolan "google"-niñ peýda bolanyna on ýyl geçdi. Häzirki wagtda ähli zadyñ sebäbini ýüze çykarmak we çylshyrymly sowallara dürs jogap bermek "google" web-saýtynyñ üstüne düshýär. Kompaniýanyñ taryhy 1998-nji ýyldan bashlaýar. 25 ýashlaryndaky kompýuter inzhinerleri larry page bilen sergeý brin esaslandyrýar. Sheýlelikde, bary-ýogy iki adamdan ybarat kompaniýa, geçen on ýylyñ içinde "ibm"-den hem has köp paýnamasy, 17000 hünärmeni özünde jemleýän äpet bir kompaniýa öwrülýär. "Google"-niñ ösüsh taryhy: 1988ý. Bashlangych- sentýabr aýynda larry page we sergeý brin saýty döretýäler. 1999ý. "google doodles"- sentýabr aýynda kompaniýanyñ meshhur logotipi peýda bolýar. 2000ý. Mahabatlar- "google" öz saýtynda mahabat bermäge bashlady. 2001ý. Surat gözlegi- dekabr aýyndan bashlap ulanyjylar diñe bir maglumat dälde, eýsem internetdäki 250 million suraty gözlemek mümkinçiligine eýe boldular. 2002ý. Habarlar bölümi- sentýabrda "google news" atly habarlar bölümi peýda boldy. 2003ý. Adsense- iýun aýyndan bashlap web-saýtyñ eýeleri saýtyñ kömegi bilen pul gazanmaga bashladylar. 2004ý. Ýaýbañlanmagy- 2004-nji ýylyñ dekabr aýynda meshhur "google" kompaniýasy 8 milliard töweregi web- saýty indeksledi. 2005ý. Digital globus- bu ýyl kompaniýanyñ "google earth" taslamasy döreýär. Onuñ kömegi bilen dünýäniñ ähli künjegine syýahat edip bolýar. 2006ý. Beýik birleshme- "google" kompaniýasy "youtube" saýtyny 1,63 milliard dollara satyn alýar. 2007ý. Shäher gözegçisi- "google streets view" ulgamynyñ kömegi bilen uly köçeler baradaky maglumatlary bilmek bolýar. 2008ý. "google sky"- älem giñishligine syýahata gaýybana äkidýär. "google" interneti bashga hiç bir firmanyñ basharyp bilmejek derejesinde ýola goýdy. Ýöne kompanýanyñ jogap bermedik ýeke-täk soragy bar: geljekde "google"-den näme garashyp bileris? Bu syr bolup galdy... Hormatly talyplar! "google" hakda okan maglumatlarym shular. Ýaltanman okanyñyz üçin sag boluñ.

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir