Remezan aýynyň gelmegi bilen, häzirki agyz beklenýän günlerde agyz beklenende we açylanda ulanylýan hurmanyň adam saglygyna peýdalary baradaky makalany ýazmaklyk has-da netijeli bolar.

Köpler tarapyndan söýülip iýilýän hurmanyň bu görnüşini içege kesellerinde, iç gatamada, ýürek-gan damarlarynda ýüze çykýan näsazlyklarda, ganazlykda, iç geçmede we başga-da birnäçe ýagdaýlarda iýmeklik örän ähmiýetlidir.

Hurma birnäçe witaminlere, minerallara we süýüme baýdyr. Bu lezzetli miwede saglyk üçin peýdaly ýag, kalsiý, kükürt, demir, kaliý, fosfor, marganes, mis we magniý ýaly himiki elementler bardyr. Hünärmenler deňagramly we sagdyn iýmitlenmek üçin günde bir hurma iýmegiň zerurdygyny aýtýarlar.

Hurma adamyň myşsalarynyň kadaly ösmegi üçin ajaýyp miwedir. Şeýle hem ol garyn düwnük keseliniň öňüni almakda peýdalydyr.

Häzirki günlerde musulman halklary hurma iýip, suw içip agyz bekleýärler. Ol agyz beklenenden soň iýmitiň artykmaç iýilmeginiň öňüni alýar. Agyz açylanda hem hurma iýip, suw içmek bilen açýarlar. Beden hurmanyň ýokumly gymmatyny siňdirip başlanda, açlyk duýgusy köşeşýär.

Şeýle hem hurma nerw ulgamynyň kadaly işlemegine örän uly ýardam berýär. Ol iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrmakda-da ähmiýetlidir. Hurma ýarym sagadyň dowamynda adamyň energiýa derejesini ep-esli derejede ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da günde bir hurma iýmeklik gözüň kadaly görmegini üpjün eder.

Täzelikler, aynura tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir